Toyota kompaniýasy Land Cruiser bilen RAV4-üň elektrik görnüşlerini döreder

  • 14.09.2025 15:31
  • 3.3k+

Toyota Kentukkidäki zawodynda iki sany täze doly elektrik ulaglarynyň – Land Cruiser bilen RAV4-üň önümçiligi üçin ýer boşatmagy meýilleşdirýär. Amerikan alyjylarynyň ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglara gyzyklanmalarynyň artmagy we gümrük paçlaryndan gaçmak üçin ABŞ-da elektromobil önümçiligini ýokarlandyrmak zerurlygy bilen baglylykda kompaniýa Lexus ES sedanynyň önümçiligini Kentukkiden Ýaponiýa geçirmek kararyna geldi.

Ady getirilmeýän çeşme Reuters agentligine elektromobilleriň hut Kentukkide RAV4 we Land Cruiser modelleriniň esasynda çykaryljakdygyny habar berdi. Toyota-nyň wekili Motor1 çeşmesine kompaniýanyň “önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmak we müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin Kentukkidäki we Indianadaky zawodlaryň arasynda önümçiligi strategiki taýdan üýtgedýändigini” tassyklady.  
Şol bir wagtyň özünde Toyota Indianadaky zawodda Grand Highlander ulagynyň önümçiligini giňelder, çünki bu üç hatarly benzin modeline isleg ýokary bolmagynda galýar. Lexus TX hem Indianada öndürilýär we ES-iň önümçiligi Ýaponiýa göçürilenden soň, bu model Lexus-yň ABŞ-da çykarylýan ýeke-täk önümi bolar.
Ozal Toyota elektrikleşdirmek strategiýasyna seresaply çemeleşip, gibrid hataryny giňeltmäge ünsi gönükdirdi. Bu hem üstünlikli strategiýa boldy. Häzirki wagtda kompaniýa elektromobil bazaryna işjeň çykýar we 2027-nji ýyla çenli ABŞ-da ýedi sany täze model hödürlemegi meýilleşdirýär.


12.07.2024 08:06
1.5k+

KHBS: Toyota “Formula-1-e” gaýdyp gelmegi meýilleşdirýär we “Haas” bilen gepleşik geçirýär

Ýaponiýanyň Toyota awtoöndürijisi “Formula-1-e” gaýdyp gelmek mümkinçiligi barada gepleşikleri geçirýär. RacingNews365 neşiriniň maglumatlaryna görä, kompaniýa “Haas” topary bilen hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar...

16.01.2024 12:07
2.8k+

Hytaýyň BYD-y EURO 2024-iň resmi hyzmatdaşy boldy

Hytaýyň awtoulag ägirdi we elektrik ulaglaryny öndürmekde dünýä liderleriniň biri bolan BYD 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Germaniýada geçiriljek Ýewropa Futbol çempionatynyň (EURO 2024) elektron mobillik...

20.10.2023 09:59
10k+

Toyota Hilux GR Sport II tanyşdyryldy

Toyota kompaniýasy Hilux GR Sport II atly ulagyny hödürledi. Ulag satuwa 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda çykarylar we üpjünçiligine bolsa ýylyň ikinji ýarymynda başlanar. Täze Toyota Hilux Double Cab kämilleşdirilen...

düýn 18:26
4.4k+

Lionel Messi “Altyn butsy” aldy we MLS-de gol boýunça rekord goýdy

“Inter Maýaminiň” hüjümçisi Lionel Messi MLS-iň yzygiderli möwsüminiň iň gowy bombardiri hökmünde “Altyn butsy” aldy. 38 ýaşly argentinaly oýunça baýrak pleý-offuň 1/8 finalynyň “Neşwill” bilen oýnundan öň gowşuryldy...