Toyota Hilux GR Sport II tanyşdyryldy

  • 20.10.2023 09:59
  • 10k+

Toyota kompaniýasy Hilux GR Sport II atly ulagyny hödürledi. Ulag satuwa 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda çykarylar we üpjünçiligine bolsa ýylyň ikinji ýarymynda başlanar.

Täze Toyota Hilux Double Cab kämilleşdirilen işleýşi we durnuklylygy, synpynda iň ýokary ýük göterijiligi (1000 kg) we agramy 3500 kg çenli tirkeg çekmek ukyby, şeýle hem has uly tigir yzy - öň tarapynda 140 mm we, adaty Toyota Hilux bilen deňeşdirilende, arka tarapynda 155 mm - tapawutlanýar.
Toyota Hilux GR Sport II 17 dýuýmlyk täze tigirler, gyzyl tormoz diskleri, gara reňkli tigir arka trimleri, Toyota nyşany bolan gara reňkli panjara we şeýle-de, gara reňkdäki gapdal bosagalar, aýnalar, gapy tutawaçlary we yzky bamper bilen enjamlaşdyrylan.
Toyota “has giň protektory we kren burçunyň peselmegi hem-de takyk dest dolandyryşy arkaly ulagyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak ýaly häsiýetleriniň ep-esli gowulaşmagy netijesinde ýolda we ýolsuz ýerlerde sürmek üçin“ Hilux -yň iň oňat wersiýasydygyny öňe sürýär. Şeýle hem dolandyrylyşynyň amatlydygy, sesiniň pesdigi we podweskasynyň kämilleşendigi, tormozynyň gowulaşandygy mälim edildi.
2020-nji ýylda Hilux setirinde hödürlenen kuwwatly we synagdan geçen 2,8 litrlik hereketlendiriji 204 at güýjini öndürýär, torky 500 Nm. Ol alty tizlikli awtomatiki geçiriş bilen utgaşýar.


14.09.2025 15:31
3.3k+

Toyota kompaniýasy Land Cruiser bilen RAV4-üň elektrik görnüşlerini döreder

Toyota Kentukkidäki zawodynda iki sany täze doly elektrik ulaglarynyň – Land Cruiser bilen RAV4-üň önümçiligi üçin ýer boşatmagy meýilleşdirýär. Amerikan alyjylarynyň ýolsuz ýerden ýöreýän ulaglara gyzyklanmalarynyň...

12.07.2024 08:06
1.6k+

KHBS: Toyota “Formula-1-e” gaýdyp gelmegi meýilleşdirýär we “Haas” bilen gepleşik geçirýär

Ýaponiýanyň Toyota awtoöndürijisi “Formula-1-e” gaýdyp gelmek mümkinçiligi barada gepleşikleri geçirýär. RacingNews365 neşiriniň maglumatlaryna görä, kompaniýa “Haas” topary bilen hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar...

şu gün 09:40
3.6k+

Ýeňilmezekleriň söweşi: Naoýa «Monstr» Inoue we Dzýunto Nakatani absolýut çempionlyk ugrunda duşuşarlar

Boks äleminiň iň garaşylýan duşuşyklarynyň biri tassyklandy: ýaponiýaly meşhur boksçylar Naoýa «Monstr» Inoue we Dzýunto Nakatani ikinji iň ýeňil agram derejesinde dünýäniň absolýut çempiony diýen at ugrunda ringe çykarlar...

şu gün 05:55
8.5k+

Çempionlar ligasy: Winisius ýene tans edýär, «PSŽ», «Atalanta» we «Galatasaraý» 1/8 finalda

UEFA Çempionlar ligasynyň 2025/2026-njy ýyl möwsüminiň pley-off (styk) tapgyry tamamlandy. Duşuşyklaryň netijesinde 1/8 finalyna kim-kimleriň gatnaşjagy belli boldy.  Geçen gijäniň esasy wakalaryna gysgaça syny...