Hytaýyň BYD-y EURO 2024-iň resmi hyzmatdaşy boldy

  • 16.01.2024 12:07
  • 3k+

Hytaýyň awtoulag ägirdi we elektrik ulaglaryny öndürmekde dünýä liderleriniň biri bolan BYD 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Germaniýada geçiriljek Ýewropa Futbol çempionatynyň (EURO 2024) elektron mobillik çäginde resmi hyzmatdaşy boldy.  Bu barada Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşiginde (UEFA) yglan edildi diýip, IXBT.com habar berýär.  

Öňki ýyllarda UEFA-nyň esasy awtoulag hemaýatkäri Volkswagen bolupdy.
BYD UEFA-nyň şu güne çenli ekologiýa taýdan iň durnukly Ýewropa çempionatyny guramak maksadyna goşant goşjakdygyny aýtdy. Hemaýatkär ýaryş wagtynda dürli gyzyklanýan taraplary dürli awtoulaglar bilen üpjün eder, şeýle hem iň täze modellerini we ösen tehnologiýalaryny görkezer.


düýn 19:10
5.1k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....