Bennu asteroidiniň nusgalarynda Gün ulgamyndan hem gadymy bolan bölekler tapyldy

  • 04.09.2025 13:09
  • 2.6k+

Alymlar Bennu asteroidiniň nusgalarynda Gün ulgamy emele gelmezden hem ozal ýüze çykan madda bölejiklerini tapdylar. Bu barada Nature Astronomy we Nature Geoscience žurnallarynyň neşirlerindäki makalalarda habar berildi.

Bennu - diametri takmynan 560 metr bolan apollonlar toparynyň asteroidi. Ol uly asman jisimi beýleki obýektler bilen çaknyşandan soň dörän böleklerden emele geldi. Şeýle dargap-pytrama siklleri birnäçe gezek bolan bolmagy ahmal.
Geçirilen barlaglar Bennudan alnan nusgalaryň düzüminde Gün ulgamyndan öňki  birleşmeleriň bardygyny görkezdi. Şeýle bölejikler planetalarda we meteoritlerde duş gelmeýär, sebäbi ol ýerde olar geologiki prosesleriň we ýokary temperaturanyň täsiri bilen weýran bolýar.

"Bular Gün ulgamymyzy emele getirýän gazyň we tozanyň buludyna düşen, bireýýäm ölüp giden  ýyldyzlaryň tozanynyň zerreleridir. Mundan başga-da, megerem ýyldyzlar giňişliginde emele gelen, düzümi gaty anomal izotoply organiki maddalary tapdyk. Şeýle-de, biziň Günüň golaýynda emele gelen gaty zerrelerimiz hem bar. Ilkinji gezek biz bu materiallaryň hemmesiniň Bennuda bardygyny görkezdik - diýip, barlagyň şärikdeş awtory, Arizona uniwersitetiniň (ABŞ) Aý we planetar barlaglary laboratoriýasynyň ylmy işgäri Jessika Barns düşündirdi.

Bennuda Rýugu asteroidindäkiden we CI görnüşli uglerodly meteoritlerdäkiden has köp organiki birleşmeler, anomal izotoplar we minerallar bar bolup çykdy. Şeýle hem jynslarda mikroskopik kraterler we mikrometeorit urgularynyň yzlary bolup, bu onuň üstüniň ozal pikir edilişinden has çalt weýran bolandygyny görkezýär.


düýn 10:51
805

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.7k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....