Forbes tomusda oýunçylar üçin has köp çykdajy eden 10 futbol klubunyň reýtingini düzdi

  • 04.09.2025 12:13
  • 9k+

1-nji sentýabrda Ýewropa futbolynda tomusky transfer penjiresi ýapyldy. Bu gezek Angliýadan klublar örän köp şertnama baglaşdy. Premýer-liganyň klublary oýunçy satyn almak üçin rekord 3,11 mlrd funt sterling (3,5 mlrd ýewrodan gowrak) sarp etdi, bu bolsa beýleki öňdebaryjy Ýewropa ligalarynyň bilelikdäki çykdajylaryndan hem ýokarydyr.

Forbes neşiri şu tomus has köp pul harçlan on klubuň reýtingini düzdi.

1. “Liwerpul” – 483 mln ýewro, 15 futbolçy geldi.
Top-transferler: Aleksandr Isak, Florian Wirts, Ýugo Ekitike, Miloş Kerkez, Jeremi Frimpong
Şu tomus mersisaýdlylar üçin netijeli boldy. “Liwerpul” iki gezek APL-iň transfer rekordyny täzeledi, ilki Florian Wirtsi 125 mln ýewro, soňra Aleksandr Isagy 144 mln ýewro satyn aldy.

2.      “Çelsi” – 328,15 mln ýewro, 25 futbolçy geldi.
Top-transferler: Žoao Pedro, Jeými Gittens, Alehandro Garnaço
Maliýe feýr-pleý düzgünlerini bozandygy üçin UEFA-nyň jerimesine we bolup biljek sanksiýalara garamazdan, klub tomusky çykdajylar boýunça liderleriň biri bolup galdy. Ikinji derejeli futbolçylaryň satuwy kluba hasabatda oňyn deňagramlylygy saklamaga kömek etdi.

3.      “Arsenal” – 293,5 mln ýewro, 15 futbolçy geldi.
Top-transferler: Martin Subimendi, Ebereçi Eze, Wiktor Dýokereş
Klub APL-de üç “kümüş” möwsüminden soň düzümi güýçlendirmegini dowam etdirýär. Ýeňiş gazanmak üçin her gezek Mikel Artetanyň toparyna azrak güýç ýetmedi. Topar hatda Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdy, bu hem oňa 117 mln ýewro gazanmaga we güýçlenmek üçin täze oýunçylary satyn almaga mümkinçilik berdi.

4.      “Nýukasl” – 288,85 mln ýewro, 12 futbolçy geldi.
Top-transferler: Nik Woltemade, Antoni Elanga, Jeýkob Remzi
“Nýukasl Ýunaýted” geçen möwsümi üstünlikli geçirip, 1955-nji ýyldan bäri ilkinji uly milli kubogyny (Angliýanyň ligasynyň kubogy) gazandy we soňky üç möwsümde ikinji gezek Çempionlar ligasyna çykdy. Klub Aleksandr Isagy goýberenden soň, onuň deregine “Ştutgartdan” Nik Woltemadeni aldy. Ol klub üçin rekord 85 mln ýewro düşdi.

5.      “Mançester Ýunaýted” – 250,7 mln ýewro, 13 futbolçy geldi
Top-transferler: Benýamin Şeşko, Brian Mbemo, Mateus Kunýa
Klubuň taryhynda APL-de iň ýaramaz netijeden soň (15-nji orun), topar düzümde öwrülişik geçirip, gerekmejek oýunçylary satdy we topary täze futbolçylar bilen güýçlendirdi.

6.      “Nottingem Forest” – 236,9 mln ýewro, 21 futbolçy geldi.
Top-transferler: Omari Hatçinson, Dan Ndoýe, Arno Kalimuendo
Klub ýewrokuboklara gatnaşmaga taýýarlanýar we giden esasy oýunçylary täze oýunçylar bilen çalşyp, düzümi güýçlendirdi.

7.      “Tottenhem” – 210,6 mln ýewro, 15 futbolçy geldi.
Top-transferler: Hawi Simons, Mohammed Kudus, Matis Tel
Baş tälimçi çalşylandan we esasy ýyldyz Son Hyn Min gidenden, şeýle-de Jeýms Meddison agyr şikes alandan soň, klub täze oýunçylar bilen şertnama baglaşdy.

8.      “Mançester Siti” – 206,9 mln ýewro, 16 futbolçy geldi.
Top-transferler: Tijani Reýnders, Janluiji Donnarumma, Raýan Şerki
Klub henizem çökgünlikden çykyp bilenok we düzümi täze oýunçylar bilen güýçlendirmäge çalyşýar. Kewin De Brýoýne, Kaýl Uoker we Skott Karson klubdan gitdi, Jek Griliş, Klaudio Eçewerri, Witor Reýs we Swerre Naýpan bolsa kärendesine berildi.

9.      “Baýer” – 198,15 mln ýewro, 21 futbolçy geldi.
Top-transferler: Malik Tillman, Jarrel Kuansa, Eliss Ben Segir
Baş tälimçi Habi Alonso we esasy oýunçylaryň birnäçesi gidenden soň, “Baýer” düzümi täzeledi we Bundesliganyň iň köp çykdajy eden kluby boldy. Ýöne möwsüm klub üçin şowsuz başlady we ýolbaşçylyk haýal etmän ýagdaýy düzetmek üçin toparyň täze halypasy Erik Ten Hagy çempionatyň iki oýnundan soň wezipeden boşatdy.

10.  “Sanderlend” – 187,9 mln ýewro, 25 futbolçy geldi
Top-transferler: Granit Jaka, Abib Diarra, Simon Adingra, Enso Le Fe
Klub 2016/17 möwsüminden bäri ilkinji gezek Angliýanyň ýokary diwizionyna gaýdyp geldi. Ol düzümi täzeläp, iki gezek öz transfer rekordyny täzeledi. Klub “Romadan” fransuz Enso Le Feni satyn aldy, ol hem klub üçin iň gymmat oýunçy boldy. Ýöne bu uzaga çekmedi: tiz wagtdan “Sanderlend” “Strasburdan” Abib Diarrany satyn alyp, rekordy täzeledi.


düýn 19:59
3.6k+

N'Golo Kanteniň «Fenerbahçä» transferi resminama alşylanda ýalňyşlyk sebäpli ýatyryldy

Ýarym goragçy N'Golo Kanteniň ​«Al-Ittihad» saud klubundan Türkiýäniň «Fenerbahçe» toparyna amala aşyrylmaly  transferi tehniki näsazlyk sebäpli ýatyryldy. Stambul klubunyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, transferiň bökdenmegi taraplaryň arasynda resminama çalşygy mahalynda ýüze çykdy...

düýn 10:14
3.4k+

Lukman «Atletiko» Madridiň düzüminde oýna çykar, «Liwerpul» 72 mln ýewro goragçy aldy

Angliýanyň «Liwerpul» futbol kluby Fransiýanyň «Renn» toparynyň 20 ýaşly goragçysy Žeremi Žakeni transfer edendigini resmi taýdan yglan etdi. Ýaş goragçy iňlis klubuna şu ýylyň tomsunda goşular. Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, fransuz goragçysy mersisaýdlylara 60 million ýewro düşdi...

düýn 09:57
4.7k+

Karim Benzema resmi taýdan «Al-Hilýalyň» oýunçysy boldy

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Karim Benzema «Al-Hilýal» klubuna geçdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy «X» sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berdi. Öň «Al-Ittihadda» çykyş eden 38 ýaşly futbolçy Saud Arabystanynyň Pro-ligasynyň häzirki lideri «Al-Hilýal» bilen 2027-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy...

02.02.2026 12:22
18k+

Ronaldu "Al-Nasr" üçin meýdança çykmakdan ýüz dönderýär. Onuň Aşgabada gelmegi sorag astynda

Kriştianu Ronaldu ýene-de üns merkezine düşdi. Ýöne bu gezek gollary bilen däl-de, dörän gapma-garşylyklar sebäpli düşdi. Portugaliýanyň «A Bola» neşiriniň habar bermegine görä, ýyldyz hüjümçi «Al-Nasryň» «Er-Riýad» toparyna garşy geçirjek nobatdaky duşuşygyna gatnaşmazlygy mümkin...