Beýik Britaniýada şokoladyň tagamyny güýçlendirýän saz döredildi

  • 02.09.2025 19:21
  • 4.4k+

Beýik Britaniýada diňläniňde şokoladyň süýji tagamyny has güýçlendirýän saz döredildi diýip, New York Post habar berýär.

Bristol uniwersitetinden kompozitor we ses boýunça hünärmen Natali Hiasint soňky 60 ýylda sazyň tagam duýgularyna ýetirýän täsiri baradaky ylmy gözlegleri öwrendi. Ol akgynly owazlaryň şokolady has süýji edip, “agzyňda eredýändigine”, ýiti notalaryň bolsa ajy tagamy güýçlendirýändigine ünsi çekdi.
Hiasintiň kompozisiýasyny ulanyp, Galaxy Chocolate kompaniýasy Sweetest Melody ady bilen 90 sekuntlyk aýdym döretdi. Onda fortepiano we arfa ýaňlanýar. Kompozisiýanyň aýratynlygy tagamdan arkaýynlyk bilen lezzet almagyň depginine gabat gelýän minutda 78 urgy depginidir.
Natali gajetleri bir gapdala goýup, gowy görýän şokoladyňdan bir bölek almagy we nauşnik dakyp, Sweetest Melody sazyny açmagy, soňra gözüňi ýumup, sazyň kömegi bilen ähli tagam duýgularyna aralaşmagy maslahat berýär.
Galaxy tagam bilen sazy birleşdirip, şokolady “duýgularyň simfoniýasyna” öwürmek isländigini belleýär. Kompozisiýa diňlemek üçin YouTube-da we Spotify-da elýeterlidir.


düýn 11:37
4.2k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

düýn 11:21
3.1k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

düýn 10:36
1.7k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......