Dünýäde iň uly aýsberg bolan A23a tomusda üç bölege bölündi

  • 02.09.2025 18:52
  • 12k+

Dünýäde iň uly aýsberg A23a tomusda, takmynan, 1000 inedördül kilometr ýitirip, üç bölege bölündi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berýär.

Institutyň maglumatlaryna görä, bir wagtyň özünde meýdany 60-dan 300 inedördül kilometre çenli bolan üç uly bölek bölündi – aýsberg öz meýdanynyň, takmynan, 36%-ini ýitirdi. Iýunyň başynda A23a-nyň meýdany 2730 inedördül kilometre barabardy, bu bolsa Moskwanyň çägi bilen deňleşýär. Häzir onuň meýdany 1750 inedördül kilometre çenli azaldy, bu Sankt-Peterburgyň meýdanyna ýakyndyr.
Häzirki wagtda aýsberg Günorta Georgiýa adasyndan 70 kilometr demirgazykda ýüzýär. Antarktika gyşynda ol, takmynan, 930 kilometr geçdi we akymyň täsiri bilen adanyň daşyna aýlandy.


A23a aýsbergi 1986-njy ýylda Filhner şelf buzlugynyň gyrasyndan bölünip aýryldy. Şol wagt onuň meýdany 4170 inedördül kilometre barabardy. 30 ýyldan gowrak wagt buzluk Ueddel deňziniň merkezi böleginde hereketsiz durdy, soňra Antarktidanyň kenary boýunça hereket edip başlady. 2023-nji ýylyň noýabrynyň ortalaryna çenli aýsberg açyk suwa çykdy; şol wagt onuň agramy tas trillion tonna, meýdany 4000 inedördül kilometr töweregidi.
Soňra A23a demirgazyga ýüzüp başlady we 2025-nji ýylyň başyna çenli Günorta Georgiýa adasyna ýakynlaşdy. Ondan 80 kilometr uzaklykda ol ýanwardan maýa çenli ýene saýa batdy, şondan soň adanyň golaýynda hereketini dowam etdirdi. 


24.03.2026 07:08
3.9k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

18.02.2026 09:22
4.5k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...

16.02.2026 15:06
10k+

Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy

Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy...