Oguljahan Atabaýewa Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky ýaşlar merkezine baryp gördi

  • 01.09.2025 16:02
  • 6.2k+

Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklar boýunça ýaşlar merkezine baryp gördüler. Bu ýerde myhmanlary Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili garşylady.

Merkez bilen tanyşlyk onuň köpugurly işini beýan edýän wideoşekilleriň görkezilmegi bilen başlandy.
Soňra türkmen wekiliýeti merkezdäki çagalar bakja-bagynda bilim we terbiýe bermegiň döwrebap usullary, çagalaryň sazlaşykly ösmegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Hususan-da, bu ýerde körpelere interaktiw enjamlar arkaly fizikanyň we mehanikanyň başlangyç kanunlary barada düşünje berilýär. Munuň özi çagalaryň ownuk hem iri motorikasyny ösdürmäge ýardam berýär. Bölümiň “Ýagtylyk we reňkler” atly zolagynda çagalar ýörite ekranlarda şöhle bilen surat çekýärler. Şeýle oýunlar olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürýär. “Tebigatyň owazlary” atly zolakda çagalar sesler dünýäsi bilen tanyşýarlar. Olar dürli jandarlaryň seslerini diňleýärler, adaty bolmadyk saz gurallarynda dürli owazlary döredýärler. Bu bolsa çagalaryň aýdym-saz ukyplaryny ösdürmäge ýardam berýär.
Çagalar bakja-bagy bilen tanyşlykdan soňra, Oguljahan Atabaýewa merkeziň “Innowasiýalar giňişligi” bölümine baryp gördi. Bu ýerde çagalar programmirlemegiň we konstruktorçylygyň esaslaryny özleşdirip, robot nusgalaryny döredýärler. Mundan başga-da, çagalar 3D, sanly modelirleme, emeli aň ugurlary boýunça bilim alýarlar. Şeýle hem bu ýerde asman jisimlerini öwrenmek bölümi ýerleşýär. Ol çagalaryň astronomiýa, tebigy ylymlara höwesini artdyrmaga ýardam berýär.
Merkezde türkmen wekiliýeti çaga attraksionlar toplumy bilen tanyşdyryldy. Bu toplum çagalar üçin diňe bir güýmenje bolman, eýsem, olaryň fiziki işjeňligini ösdürmäge hem kömek edýär. Merkez bilen tanyşlygyň dowamynda haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti bu ýerde bilim alýan çagalar bilen ýadygärlik surata düşdi we olara sowgatlary gowşurdy.
Şeýle hem bu ýerde türkmen wekiliýetiniň hormatyna Hytaýyň gadymy çaý taýýarlamak sungaty görkezildi. Hytaý halkynyň bu däbi çaýdan lezzet almak bilen bir hatarda, onuň filosofiýasyna düşünmäge-de mümkinçilik berýär.
Merkezde Hytaýyň milli medeniýeti we medeni mirasy bilen tanyşdyrýan bölüm hem hereket edýär. Interaktiw sapaklar arkaly milli medeniýeti gorap saklamak, wagyz etmek bu bölümiň esasy wezipesi bolup durýar. Bölümde ýokary hünär derejeli mugallymlar çagalara milli medeniýetiň dürli ugurlary, şol sanda kalligrafiýa, şekillendiriş sungaty, küşt, keşdeçilik sungaty boýunça sapak berýärler.
Merkez bilen tanyşlygyň dowamynda Hytaýyň Min we Sin nesilşalyklarynyň zenan lybaslary, taryhy şaý-sepleri görkezildi. Şeýle hem bu ýerde hytaý operasyndan parçalar ýerine ýetirildi.
Tanyşlygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa merkeze mundan beýläk-de netijeli işlemegi arzuw edip, bu ýerde dostlugyň nyşany hökmünde ýadygärlik ýazgy galdyrdy.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......