Türkmenistanyň we Hytaýyň haýyr-sahawat gaznalary özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

  • 01.09.2025 15:51
  • 2.5k+

Türkmenistanyň wekiliýetiniň HHR-e saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygy hanym Li Biniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Oguljahan Atabaýewa hanym Sun Sinliniň şahsyýet hökmünde ýerine ýetiren işleriniň özünde uly täsir galdyrýandygyny aýdyp, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ilerledilmeginiň, parahatçylygy saklamagyň türkmen hem-de hytaý halklaryna mahsus ýörelgelerdigini nygtady.

“Sun Sinlin adyndaky gazna halkara gatnaşyklary ilerletmekden başga-da, zenanlaryň we çagalaryň saglygyny goramaga aýratyn üns berýär, medeniýeti wagyz etmek, ylym-bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär. Bu ugurlaryň köpüsi biziň üçin hem örän möhümdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gaznamyzyň alyp barýan işi adamyň saglygyny we ösüşini ileri tutup, munuň üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir” diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy we şu ýylyň 29-njy martynda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň geçirilendigini belledi.

Bu maslahata hanym Şen Beiliniň ýolbaşçylygyndaky Sun Sinlin adyndaky gaznanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Forumyň dowamynda halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy, hususan-da, eneligi we çagalygy goramak ulgamynda özara hereketleri ösdürmek boýunça pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......