Türkmenistanyň wekiliýeti Pekinde «Gugun» taryhy köşkler toplumyna baryp gördi

  • 01.09.2025 15:41
  • 3.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Hytaýa saparynyň çäklerinde «Gugun» taryhy köşkler toplumyna baryp gördi.

Toplum Pekiniň merkezinde ýerleşip, 500 ýylyň dowamynda Min we Sin nesilşalyklarynyň imperatorlarynyň ýaşan köşgi bolupdyr. Häzirki wagtda bu köşkler toplumy muzeý hökmünde hereket edýär. Köşgüň gurluşygy 1406-njy ýylda başlanyp, 15 ýyl dowam edipdir. Onuň gurluşygynda 1 milliona golaý işçi, 100 müňe golaý beýleki hünärmenler zähmet çekipdir. Taryhy muzeý 72 gektar meýdany tutup, onuň çäginde 980-den gowrak bina we 8 müň 700-den hem köp otag bar. Toplumyň daşy suwly garym we beýikligi 10 metr diwar bilen gurşalandyr. Sary reňk hytaý imperatorlarynyň resmi reňki bolandygy üçin toplumdaky binalaryň aglabasynyň üçegi bu reňk bilen boýalypdyr. Şeýle hem toplumyň çäginde imperatoryň we onuň maşgalasynyň dynç alan, gezelenç eden seýilgähi ýerleşýär. Ol 12 müň inedördül metr meýdany tutup, emeli baýyrlar, suw howdanlary, ýodajyklar bilen sazlaşykly utgaşýan adaty hytaý äheňinde döredilipdir. Irki döwürlerde bu ýerde dürli baýramçylyk çäreleri geçirilipdir.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary «Gugun» taryhy köşkler toplumynda ýadygärlik surata düşdüler.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 11:17
5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....