Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Hytaýda bolup, birnäçe duşuşyklary geçirdi

  • 01.09.2025 15:31
  • 15k+

Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygynda zenanlardan ybarat türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary birnäçe duşuşyklary geçirdiler.

Türkmen wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň birinji gününde Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministri Huaý Szinpen bilen duşuşdy. O.Atabaýewa gaznanyň alyp barýan işi barada aýdyp, bu düzümiň lukmançylyk hyzmatlaryny bermek bilen bir hatarda, çagalaryň mekdebe çenli ýaşdan başlap ýokary hilli we inklýuziw bilim almagyna-da ýardam berýändigini belledi.
Oguljahan Atabaýewa mümkinçiligi çäkli çagalara ýörite we inklýuziw bilim bermegi kämilleşdirmekde Hytaýyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanmasyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň ýagty geljeginiň bähbidine bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlyk tassyklanyldy.
HHR-iň bilim ministri gaznanyň başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýdyp, inklýuziw bilim, mümkinçiligi çäkli çagalaryň jemgyýete goşulyşmagyna gönükdirilen usulyýetleri we maksatnamalary alyşmak meseleleri boýunça giňişleýin dialoga taýýardygyny mälim etdi.

Saparyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa HHR-iň Saglygy goraýyş işleri boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Zeng Ýisin bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Oguljahan Atabaýewa ýurdumyzyň Hytaýyň saglygy goraýyş ulgamyndaky tejribesine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Zeng Ýisin HHR-iň toplan baý tejribesini we tehnologiýalaryny paýlaşmaga taýýardygyny aýdyp, muňa ählumumy saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine möhüm goşant hökmünde garalýandygyny belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamynda HHR bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seretmäge gyzyklanma bildirildi. Şunuň bilen bir hatarda, O.Atabaýewa çagalarda onkologik we genetik keselleri bejermek boýunça hytaý tarapynyň tejribesini öwrenmäge taýýardygyny beýan etdi. Öz gezeginde, hytaý tarapynyň wekili bu möhüm ugurlarda tejribe paýlaşmaga hem-de bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmäge taýýardyklaryny tassyklap, çylşyrymly çaga keselleri bilen göreşmek üçin halkara hyzmatdaşlygyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Saparyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary, ŞHG-niň Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk boýunça komitetiniň başlygy hanym Şen Ýueýue bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Hytaý ikitaraplaýyn görnüşde, halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

“Biz Hytaýa ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly asylly maksat bilen geldik. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda üstünlikli alnyp barylýar” diýip, O.Atabaýewa aýtdy we gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hökmünde çaganyň saglygyny goramak, inklýuziw bilim, mätäç raýatlara durmuş goldawyny bermek tejribesini öwrenmek babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, gazna saglyk meselesi we beýleki durmuş kynçylyklaryna sezewar bolan çagalara kömek bermek üçin milli derejede döwlet düzümleri, jemgyýetçilik guramalary, raýat jemgyýeti bilen bilelikde iş alyp barýar. Şeýle hem Oguljahan Atabaýewa türkmen tarapynyň hytaýly kärdeşleri bilen bilelikde işlemäge we tejribe alyşmaga taýýardygyny nygtap, şu maksat bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de Sun Sinlin adyndaky gaznanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini aýtdy.
Saparyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa Şanhaý şäheriniň häkimi Gun Çžen bilen duşuşdy.
Oguljahan Atabaýewa türkmen wekiliýetiniň Hytaýa şu gezekki saparynyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendigini aýdyp, Hytaýyň söwdada we ykdysadyýetde ygtybarly hyzmatdaş bolmak bilen bir hatarda, lukmançylyk, tehnologiýalar ulgamlarynda hem öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň saglygy goraýyş ulgamynda, hususan-da, çaganyň saglygyny goramak, sagaldyş-dikeldiş ugurlarynda toplan tejribesine gyzyklanma bildirildi.
Şanhaý şäheriniň häkimi gaznanyň alyp barýan işiniň geriminiň, şeýle hem onuň ynsanperwer ýörelgelere, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygynyň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....