Serdar Berdimuhamedow okuwçylary we talyplary Bilimler güni bilen gutlady

  • 01.09.2025 10:18
  • 2.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryny, talyp ýaşlaryny, mugallymlaryny we ähli bilim işgärlerini Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli gutlady.

"Bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr. Şoňa görä-de, uzak geçmişlerden bäri bilime teşneligi, ylma yhlaslylygy, pähim-paýhaslylygy bilen dünýä meşhur bolan milletimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, bu gün milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ony hil taýdan täze basgançaga çykarmak babatda ägirt uly işleri amala aşyrýarys. Asylly käriň eýeleri bolan mugallymlarymyzyň yhlasly hem-de tutanýerli zähmet çekmegi, ýaş nesliň bilimleri we ylymlary özleşdirmegi, hünärleri ele almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip, täze döwrümiziň kuwwatly binýadyny tutýarys" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Baýramçylyk mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, köp sanly bedenterbiýe-sport hem-de medeni çäreler bilen birlikde, Aşgabatda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň hem-de umumy ýaşaýyş jaýynyň, paýtagtymyzda, obadyr şäherlerimizde bolsa täze orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesinde has-da ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Serdar Berdimuhamedow mugallymlaryň döredijilikli zähmetiniň bilim ulgamynda amala aşyrylýan üstünlikleriň gözbaşydygyny belläp geçýär.

"Berkarar döwletimiziň bilim ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, watansöýüji nesli terbiýelemekde, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrmakda mugallymlaryň, bilim işgärleriniň aýratyn hyzmaty bardyr" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......