Osakada EKSPO-2025-de Türkmenistanyň Milli pawilýonynda syýahatçylyga bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

  • 01.09.2025 00:32
  • 2.6k+

29-njy awgustda Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda “Türkmenistan – dost-doganlygyň, myhmansöýerligiň mekany” atly ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Maslahatyň işi Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini halkara derejesinde giňden ýaýmak, Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de syýahatçylyk ulgamyndaky döwlet we hususy düzümleriniň özara gatnaşyklaryny ösdürmekden ybarat boldy.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň syýahatçylyk ugrundaky döwlet syýasaty, onuň medeni hem-de taryhy mümkinçilikleri, häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamalarynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň we Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri çykyş etdiler. Şeýle hem, maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň syýahatçylyk edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilip, geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


şu gün 00:59
3.9k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.3k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.9k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4.2k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....