"Türkmenhimiýa" DK ýod we brom öndürýän zawody gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi

  • 30.08.2025 18:18
  • 7.3k+

Türkmenistanda “Balkanabat” ýod zawodynyň Nebitdag-Monjukly känindäki çig mal bazasynyň durkuny täzelemek bilen, ýod, brom, we brom önümlerini öndürýän zawodynyň gurulmagy meýilleşdirilýär.

"Türkmenhimiýa” döwlet konserni kärhananyň taslamasyny düzmek we ony doly gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi.
Isleg bildirýän kompaniýalar doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyryp bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak üçin GBS-i hasaba almak bilen 1725 (bir müň ýedi ýüz ýigrimi bäş) amerikan dollary möçberde ýa-da oňa barabar bahasyny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň walýuta kursy boýunça manat görnüşinde (Türkmenistandaky gatnaşyjylar üçin) töleg töläp, tender resminamalaryny almaly.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Salgy: Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132.

Telefon belgileri: (99312) 39-01-62, 39-01-58
Faks: 39-01-72
E-mail: contact@turkmenhimiya.gov.tm; 12dep@turkmenhimiya.gov.tm


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....