Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidentini dekabrdaky halkara foruma çagyrdy

  • 30.08.2025 11:59
  • 6.3k+

29-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow Li Çže Mýony Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, oňa jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Sebit derejesinde “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatynda hyzmatdaşlyk edilýär. Munuň özi energetika, ulag, ekologiýa, saglygy goraýyş, medeniýet ýaly ulgamlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ünsi çekdi.
Köp ýyllaryň dowamynda “Hyundai”, “Daewoo”, “LG” ýaly öňdebaryjy koreý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Bu kompaniýalaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda dürli taslamalar, hususan-da, Balkan welaýatynda bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryndan gowrak bolan, ýylda 386 müň tonna polietilen hem-de 81 müň tonna polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň çäklerinde bahasy 1 milliard 484 million amerikan dollaryndan gowrak bolan, ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy kükürtden arassalaýan zawodyň taslamalary durmuşa geçirildi. Şeýle hem Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda bahasy ABŞ-nyň 682 million dollaryna deň bolan, ýylda 350 müň tonna superfosfat, 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň taslamasyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Şu nukdaýnazardan, dostlukly ýurduň Baştutany koreý kompaniýalaryna türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýdyp, bu taryhy senäniň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýändigini belläp, Prezident Li Çže Mýony halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýandygyny aýtdy.


düýn 19:01
901

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......