Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp berdi

  • 30.08.2025 10:37
  • 8k+

29-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda oba hojalyk toplumyna gözgçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew Türkmenistanyň Prezidentinden 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp bermegi haýyş etdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, gallaçy daýhanlarymyz üçin möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip gelendigini, ekişi agrotehniki möhletlerde guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurdumyzyň welaýatlarynda 3-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berip, hormatly ýaşululardan bugdaý ekişine “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.


şu gün 07:51
408

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.2k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
877

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......