Türkmenistan CAFA Milletler kubogynda Gyrgyzystan, Özbegistan we Oman bilen duşuşar

  • 26.08.2025 14:29
  • 11k+

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlarynyň tertibi resmi taýdan mälim edildi. Bu barada CAFA-nyň metbugat gullugy habar berýär.

CAFA-nyň Milletler kubogy taryhda ikinji gezek geçirilýär. Bu ýaryşa sekiz ýygyndy: CAFA-nyň agzalary bolan Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň we Eýranyň, şeýle hem Omanyň hem-de Hindistanyň ýygyndylary gatnaşýar.
Ýygyndylar iki toparça bölündi. «A» toparçanyň oýunlary Özbegistanda geçiriler. «B» toparçanyň oýunlary Täjigistanda bolar. Toparçalarda birinji orny eýelänler finalda duşuşarlar, ikinji orny eýelänler bolsa bürünç medallar ugrunda oýnarlar. Kubogyň häzirki eýesi Eýranyň ýygyndysydyr.
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy «A» toparçada çykyş eder. Bu toparda onuň garşydaşlary: Oman, Gyrgyzystan we Özbegistan. Türkmen futbolçylary ilkinji oýnuny 30 awgustda Gyrgyzystana garşy geçirer, 2 sentýabrda Özbegistanyň ýygyndysy bilen oýnar, toparçadaky iň soňky duşuşygyny bolsa 5 sentýabrda Omana garşy geçirer.
Bu ýaryş Türkmenistanyň futbolçylary üçin 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogy boýunça güýzde geçiriljek saýlama oýunlara taýýarlyk tapgyry bolar. Bu oýunlar Şri-Lanka bilen 9-njy oktýabrda we 14-nji noýabrda, şeýle hem Hytaý Taýbeýi bilen 18-nji noýabrda geçiriler.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň CAFA-nyň Milletler kubogyndaky oýunlarynyň tertibi:

  • 30-njy awgustda (şenbe), sagat 17:00 — Gyrgyzystan – Türkmenistan
  • 2-nji sentýabrda (sişenbe), sagat 19:30 — Türkmenistan – Özbegistan
  • 5-nji sentýabrda (anna), sagat 17:00 — Türkmenistan – Oman

​​​​​​​


düýn 13:51
8.3k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......