Müsürde suwdan gadymy Kanopus şäheriniň bölekleri çykaryldy

  • 26.08.2025 13:37
  • 10k+

Müsür häkimiýetleri Aleksandriýanyň golaýynda Abu-Kir aýlagynda ýerleşen suwa giden gadymy şäheriň böleklerini gury ýere çykardy diýip, The Guardian habar berýär.

Bu Müsüri tas 300 ýyl dolandyran Ptolemeý nesilşalygynyň dolandyran we 600 ýyl töweregi ýurdy dolandyran Rim imperiýasynyň döwründe möhüm merkeze öwrülen Kanopus şäheri hasaplanýar.
Bu oturymly ýer 2000 ýyldan gowrak ozal hereket edipdir. Ol ýertitremeler we deňiz derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli golaýdaky Geraklion bilen birlikde suw astyna gidipdir.

Gury ýere gadymy heýkelleri, gämileriň bir bölegini, labyrlary we beýleki artefaktlary çykarmak başartdy. Suwasty harabalygyň arasynda hek daşdan ýasalan binalary, ýaşaýyş jaýlaryny, söwda we senagat desgalaryny görmek bolýar. Taryhy tapyndylaryň köpüsi suwuň aşagynda galmaly boldy, çünki olary çykarmak mümkin däl diýip, ýerli häkimiýetler belleýär.
Häzirki Aleksandriýa hem klimat çökgünligi sebäpli töwekgelçilikli zolakda ýerleşýär. BMG-niň çaklamasy boýunça, 2050-nji ýyla çenli şäheriň üçden biri suw astyna gidip biler. Şonuň üçin häkimiýetler Kairden 45 km gündogarda täze administratiw paýtagty gurýar.


şu gün 10:51
44

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
3.7k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.4k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....