BSGG we BMG: dünýäde 2,4 milliarddan gowrak işçi yssy howadan zyýan çekýär

  • 26.08.2025 13:29
  • 4.8k+

Dünýäde 2,4 milliarddan gowrak adam iş ýerinde adatdan daşary yssy howanyň täsirine sezewar bolýar. Bu hem zähmet şikesleriniň, keselleriň sanynyň artmagyna we ýaşaýyş hiliniň ýaramazlaşmagyna getirýär diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) nygtaýar.

BSGG-niň we BMG-niň Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň bilelikdäki hasabatynda 2024-nji ýylyň gözegçiligiň tutuş taryhynda iň yssy ýyl bolandygy bellenilýär. 40 gradusdan we hatda 50 gradusdan ýokary gündizki temperatura adaty hadysa öwrülip barýar.
Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň baş sekretarynyň orunbasary Ko Barrett işçileri aşa yssy howadan goramagyň diňe bir saglyk üçin däl, eýsem ykdysady nukdaýnazardan hem möhümdigini belledi.
Guramanyň we BSGG-niň maglumatlaryna görä, 20-den ýokary her bir gradusda zähmet öndürijiligi 2-3% peselýär, işçileriň saglygy üçin howp bolsa ýokarlanýar. Yssy howanyň netijesi Günüň urmagy, suwsuzlyk, böwregiň işiniň bozulmagy we newrologiki bozulmalar bolup biler. Yssy bilen baglanyşykly zähmet şikesleriniň sany ýylda 22,85 mln ýagdaýdan geçýär.
BSGG hökümetlere, iş bilen üpjün edijilere we saglygy goraýyş edaralaryna ýokary temperaturada zähmet howpsuzlygy boýunça syýasaty işläp taýýarlamagy, ilatyň gowşak toparlaryna üns bermegi, lukmanlara, halasgärlere we ýolbaşçylara Gün urmasynyň alamatlaryny bilmegi, şeýle-de bu ugurda gözlegleri we töwekgelçiliklere baha bermegi goldamagy maslahat berýär.


17.02.2026 05:42
5.1k+

Türkmenistanyň Prezidentine BSGG-niň ýörite sylagy gowşuryldy

16-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebiti boýunça direktory Hans Henri P.Klýugeni kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Hans Henri P...

17.02.2026 02:31
1.4k+

Aşgabatda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialog açyldy

16-njy fewralda Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy boldy. Forum Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) bilen bilelikde guraldy...

05.02.2026 08:41
2.4k+

BSGG adatdan daşary lukmançylyk kömegi üçin 1 milliard dollar gözleýär

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) 2026-njy ýylda 36 sany krizis nokadynda adatdan daşary lukmançylyk kömegini bermek üçin 1 milliard dollar bölüp bermek çagyryşy bilen dünýä jemgyýetçiligine ýüzlendi.  Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, hemaýatkärler, hususan-da Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan maliýeleşdirilmegiň azalmagy zerarly ýüze çykdy diýlip TASS-yň habarynda bellenilýär...

12.12.2025 18:29
3.2k+

Türkmenistanyň DIM-nde birnäçe halkara guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi

11-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Aşgabatda iri halkara guramalarynyň: BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG), Halkara zähmet guramasynyň (HZG) we Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň (GHKHK) wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi...