Ýaponiýanyň ilçihanasy ýapon dil bilimini bahalandyrýan synag üçin arzalary kabul edip başlady

  • 22.08.2025 15:55
  • 2.3k+

Japanese-Language Proficiency Test (JLPT) synagyna arzalar kabul edilýär. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi. Hasaba alnyş 25-nji awgustan 1-nji sentýabra çenli dowam eder.

Bellenilişi ýaly, synag şu ýyl ikinji gezek geçirilýär.
Ýapon dil bilimini bahalandyrýan bu synag 2025-nji ýylyň 7-nji dekabrynda geçiriler. Ähli isleg bildirýänler anketalary we amaly sorag nusgalaryny Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň binasynda alyp bilerler. Şeýle hem JLPT resmi saýtynda arzalaryň nusgasy ýükläp almak üçin elýeterlidir.
Guramaçylaryň bellemegine görä, JLPT synagy halkara derejesinde ykrar edilen synag bolup, onuň netijeleri hem ýapon uniwersitetlerine girilen ýagdaýda, hem-de Ýaponiýanyň we onuň daşyndaky kompaniýalara işe girilende hasaba alynýar.
Synag talyplara we ýapon dilini öwrenýänleriň ählisine öz bilimlerini we üstünliklerini görkezmäge ajaýyp mümkinçilik berýär.


düýn 23:39
1k+

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.8k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......