Täjigistandaky gadymy Mugtepa şäher harabaçylygynda keramik suw geçiriji tapyldy

  • 22.08.2025 13:11
  • 4.4k+

Täjigistanyň Hujand döwlet uniwersitetiniň arheologlary gadymy Mugtepa şäher harabaçylygynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda birnäçe artefaktlary, şol sanda gadymy suw geçirijini tapdy. Tapyndy nobatdaky gezek Merkezi Aziýada ýaşan halklaryň ýokary inženerlik bilimine eýe bolandygyny görkezdi diýip, Arkeonews ýazýar.

Mugtepa uzak wagtlap eldegrilmesiz durdy. Çünki, gurluşyk işleri medeni gatlaklara düýpli zyýan ýetirdi diýlip hasaplanypdy. Ýöne soňky gözlegler bu ýeriň henizem möhüm arheologiki ýadygärlikleri saklaýandygyny subut etdi.
Ekspedisiýa bir aý dowam etdi. Alymlar turba-geçirijiniň üç bölegini tapdy, ol goňşy baýyrlygyň eteginden başlap, 65 metr beýiklikdäki depe arkaly geçipdir diýlip çaklanylýar. Suw alebastr ergini bilen birleşdirilen 40 santimetr uzynlykdaky keramik turbalar arkaly berlipdir. Turbalar ini 85 santimetr we çuňlugy 20 santimetr bolan çukurlara ýerleşdirilipdir. Ýoluň ugrunda ýygnaýjylar bolup hyzmat eden uly bolmadyk rezerwuarlar bar eken. Turbalaryň birmeňzeşligi ýörite ussahanalaryň bolandygyny we şol döwrüň infrastrukturasynyň ösendigini görkezýär.
Suw geçirijiden başga-da, V-VIII asyrlaryň keramik önümleri, daş degirmenleri we ikleri tapyldy. Bu bolsa ekarançylygyň we dokma işleriniň ösendigini delillendirýär. I-III asyrlara, şeýle-de ahemenidler we ellinistik döwre (b.e.öň VI-I asyrlar) degişli bolan has çuň gatlaklarda dürli görnüşli gaplar tapyldy.
Mugtepadaky tapyndy Merkezi Aziýanyň gadymy ilatlarynyň sosial we hojalyk guramaçylygynyň ýokary derejesini tassyklaýar.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky Goňurdepede ozal suw geçiriji we lagym bolup hyzmat eden has gadymy keramik turbalaryň ulgamy tapyldy. Marguş siwilizasiýasynyň şäheri b.e.öň 2300-2250-nji ýyllarda döräp, takmynan, 600-800 ýyl hereket edipdir. Goňurdepe Marguş siwilizasiýasynyň iň uly oturymly ýeridir. Onuň diňe merkezi bölegi, takmynan, 25 gektary eýeläpdir.


23.06.2026 20:58
10k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....

19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....