Tailandda syýahatçylar kriptowalýutalaryny milli pullaryna çalşyp bilerler

  • 22.08.2025 08:02
  • 3k+

Tailandyň hökümeti daşary ýurtly syýahatçylaryň kriptowalýutalaryny bat puluna (taý milli puly) çalşyp, ýurtda syýahat edýän wagty harçlamaga mümkinçilik berjek TouristDigiPay atly täze programmasyny işe girizer diýip, Bloomberg habar berýär.

18-nji awgustda maliýe ministri Piçai Çunhawadžira bu taslamanyň 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde ýola goýuljakdygyny mälim etdi. Hyzmat tutuş ýurtda 1,5 ýyllyk synag möhletinde hereket eder.
Ministriň sözlerine görä, göni kripto bilen tölegler göz öňünde tutulmaýar. Oňa derek syýahatçylar sanly aktiwleri ygtyýarnama alan operatoryň üsti bilen bat puluna öwrüp, elektron töleg ulgamlary arkaly çykdajylaryny töläp bilerler. Bir aý üçin tranzaksiýa çägi 500 müň bata (takmynan 15,4 müň dollar) çenli bellenildi.
Agentligiň maglumatlaryna görä, häkimiýetler TouristDigiPay arkaly Ýakyn Gündogar bilen Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndan has köp syýahatçy çekmegi maksat edinýärler. Bu bolsa, 2025-nji ýylyň ilkinji ýarymynda 33% azalan hytaýly syýahatçylaryň sanynyň peselmeginiň bölekleýin öwezini dolmaga kömek etmelidir.


25.06.2026 23:36
5.3k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......