Aşgabatda «Kids EXPO» sergi-ýarmarkasy badalga alýar: Türkmenistanyň Prezidenti gatnaşyjylary gutlady

  • 21.08.2025 08:14
  • 3.1k+

Şu gün, 21-nji awgustda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylary gutlady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, ýokary guramaçylyk derejesinde, giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylan bu sergi-ýarmarkanyň döwrebap ekspozisiýalarynda çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen, ösüşe ýardam berýän oýunlaryň, neşir önümleriniň, okuw esbaplarynyň, egin-eşikleriň, sport, elektron harytlaryň we beýleki ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleriň dürli görnüşleri hödürlener. Şeýle hem sergi-ýarmarkanyň çäklerinde çagalar üçin dürli ugurlarda ussatlyk sapaklarynyň, bäsleşikleriň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar, täzelikler bilen tanyşdyrylmagy, ene-atalar üçin geňeşmeleriň geçirilmegi bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrar.
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkada ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň çagalar üçin önümleri öndürýän, hyzmatlary amala aşyrýan kärhanalaryna, okuw merkezlerine, halkara guramalara öz täze innowasion işläp taýýarlamalary, ýokary hilli önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrmaga ähli mümkinçilikler döredildi.

"Bu sergi-ýarmarka çagalar üçin özboluşly baýramçylyk çäresine öwrüler, ussatlyk sapaklaryna, bäsleşiklere gatnaşmak arkaly başarnyklaryny artdyrmak üçin gyzykly we ajaýyp meýdança bolup hyzmat eder. Bu bolsa ata-babalarymyzyň iň gowy zatlary çagalara bermek, olary aýratyn üns we söýgi bilen gurşap almak ýaly däpleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýändiginiň, ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeklerine, saglygyna hem-de abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň beýanydyr" diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Sergi-ýarmarkanyň iş wagty:

  • 21-nji awgustda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
  • 22-nji awgustda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
  • 23-nji awgustda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli.

düýn 00:03
3.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......