Türkmenistanyň Prezidenti «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady

  • 20.08.2025 14:09
  • 6.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady.

Döwlet Baştutany «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň geljekde aýdym-saz sungatyny has-da ösdürmäge ukyply nesilleri ýüze çykarmakda, olary höweslendirmekde özboluşly ähmiýete eýedigini belledi.

"Türkmen halky ençeme asyrlaryň dowamynda aýdym-sazy özüniň ruhy syrdaşyna öwrüp geldi. Dutardyr gyjagyň sazlaşykly owazyndan dörän şirin aýdym-sazlar nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, il içinde tutulýan toýlaryň şatlyk-şowhunyny artdyrmakda örän ähmiýetli bolupdyr. Hut şoňa görä-de, ata-babalarymyz aýdym-sazyň ynsan kalbyna täsir edýän joşgunly güýje eýedigine ynanypdyrlar, bagşyçylyk sungatyny toýlarynyň bezegine öwrüpdirler. Dutarda ýaňlanýan mukamlar halkyň kalbyna ganat bekledipdir, Watan, il-gün üçin beýik işlere ruhlandyrypdyr" diýip. Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Döwlet Baştutany gutlagynda Kel bagşy, Hally bagşy, Muhy bagşy, Ablyesen bagşy, Gurban bagşy, Garly bagşy, Pälwan bagşy, Palta bagşy, Bazar bagşy, Hydyr bagşy, Girman bagşy, Oraz salyr, Nazar baga, Nursähet Halsähet, Ýazmuhammet Köse, Hanmämmet gyjakçy, Öre şyh, Baky Maşakow, Şamyrat Gurbannepesow, Juma Wellekow, Gurt Ýakubow, Annageldi Jülgäýew, Saryhan Sapaýew ýaly meşhur ussatlardan miras galan aýdym-sazlaryň ýaş bagşy-sazandalar üçin nusgalyk mekdepdigini belläp geçýär.


düýn 00:03
3.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......