Paleontologlar 5 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen keýigiň galyndylaryny tapdylar

  • 19.08.2025 15:09
  • 4k+

Tennessiniň (ABŞ) Greý şäherindäki Greý fosil muzeýiniň paleontologlary, takmynan, 5 million ýyllyk keýigiň galyndylaryny tapdylar. Bu barada Palaeontologia Electronica žurnalynda çap edilen ylmy işde aýdylýar.

Alnan bölekleriň ýok bolup giden Eocoileus gentryorum diýen görnüşe degişlidigi anyklanyldy. Alymlar ony häzirki ak guýrukly keýikleriň ata-babalaryndan biri hasaplaýarlar. Tapyndylaryň arasynda ýaş jandaryň kellesiniň bir bölegi, ýokarky azy dişi we aýak süňki bar.
Barlagçylaryň maglumatyna görä, saklanyp galan bölekleriň esasynda keýigiň keşbi dikeldilip, onuň häzirki keýiklere garanyňda has kiçi bolandygy ýüze çykarylypdyr.
Makalanyň awtorlary bu açyşyň örän möhüm taryhy subutnama bolandygyny belläp, Eocoileus gentryorum görnüşiniň nesilleriniň buz döwrüni we dürli howa üýtgemelerini başdan geçirip, millionlarça ýylyň dowamynda ekoulgamda öz ornuny saklap bilendigini nygtadylar.


düýn 16:08
2.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.8k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....