Türkiýedäki myhmanhanalar “şwed stolundan” ýüz öwürmek isleýär

  • 14.08.2025 16:30
  • 9.7k+

Türkiýäniň häkimiýetleri azyk galyndylaryny azaltmak üçin ýurduň myhmanhanalarynda “şwed stolundan” ýüz öwürmek mümkinçiligini gözden geçirýär. Bu barada Sabah neşiri ýazýar.

Eger hökümet çäre görse, all inclusive ulgamy à la carte formaty bilen çalşyrylar. Ol myhmanlaryň artyk däl-de, iýip bildigiçe iýmit sargyt etmegini göz öňünde tutýar. Prezident administrasiýasynyň Oba hojalygy we azyk syýasaty boýunça geňeşi bu mesele boýunça hasabat taýýarlaýar.
Soňky maglumatlara görä, ýurtda her ýyl, takmynan, 23 mln tonna azyk önümleri zyňylýar. Galyndylaryň arasynda, köplenç, bişirilen hamyr önümleri, miweler we gök önümler bar. “Hemme zat içinde” formatyndaky ertirligiň ýarysy diýen ýaly iýilmän galýar.

“Galyndylar adamlaryň sanynyň köpelmegi bilen hasam köpelýär. Mysal üçin, üç-dört adam iki adamlyk üçin ertirlikden doýup biler... Tabaga goýulýan, ýöne el degrilmedik iýmit gönüden-göni zibile iberilýär” – diýip, geňeşiň agzasy Ramazan Bingel belledi.


şu gün 16:40
1.5k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
6.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......