Marsda Ýerde näbelli mineral tapyldy

  • 13.08.2025 07:36
  • 9.5k+

Marsa köpýyllyk gözegçilikler onuň üstüniň jikme-jik kartasyny döretmäge mümkinçilik berdi, ýöne planetanyň mineral düzümi häzire çenli doly öwrenilmän galýar. Alymlar bu planeta barada täze düşünjeleri almak üçin zond we spektr maglumatlaryny seljermegi dowam etdirýär, bu bolsa käwagtlar garaşylmadyk netijeleri berýär. Şeýle spektrleriň biri Marsda Ýerde näbelli mineralyň bolup biljekdigini görkezdi diýip, Gizmodo ýazýar.

Açyş NASA-nyň Mars Reconnaissance Orbiter orbital enjamynyň maglumatlaryna esaslanýar. Ýakynda bu barada makala Nature Communications žurnalynda neşir edildi. Mariner jülgesiniň – Marsyň ekwatorynyň ugrundaky äpet jaýrygyň töwereginde demir gidroksisulfatyň bardygy ýüze çykaryldy. Sulfatlar we beýleki kükürt birleşmeleri, adatça, suw barlygynda emele gelýär, bu ýagdaýda bolsa alymlar kislorodyň bolup bilmegini hem çaklaýar.
Ýygnalan maglumatlar bu ýerde birwagtlar suwuň we kislorodyň bolandygyny delillendirýär hem-de geçmişde ýaşaýşyň hem bolandygyny çaklamaga esas berýär. Saklanyp galan sulfatlar suwuň ýitip gidendigini görkezýär, ýogsam olar eräp, başga bir minerallara öwrülerdi. Bu Marsda daşky gurşawyň üýtgemegine düşünmek üçin möhümdir.
Sebitleriň birinde ylmy gözlegçiler poligidratlaşdyrylan sulfatlaryň gatlaklaryny, olaryň aşagynda bolsa monogidratlaşdyrylan sulfatlary we demir gidroksisulfatlary tapdy. Soňkular alymlary geň galdyrdy: bu maddanyň Ýerdäki barlaghanada sintezi Ýerde duşmaýan kristal gurluşly materialyň emele gelmegine getirdi.
Ylmy gözlegçiler onuň täze mineral bolup biljekdigini öňe sürýär. Ýöne alymlar ony resmi taýdan täze mineral diýip ykrar etmek üçin Ýeriň ýüzünde tapmaly.
Bellenilişi ýaly, himiki maddanyň Ýerden daşary, soňra öz planetamyzda tapylýan ýagdaýy ilkinji gezek däl. Ozal şeýle ýagdaý bilen geliý – ilki Gün spektrinde, soňra Ýerde tapylypdy.


düýn 23:32
511

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:45
3.5k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

08.06.2026 16:17
2.5k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....