GitHub-yň baş direktory wezipeden gidýär, kompaniýa Microsoft-yň dolandyrmagyna geçer

  • 13.08.2025 07:27
  • 1.5k+

GitHub-yň baş direktory Tomas Domke tas dört ýyl işläninden soň wezipeden gidýändigini mälim etdi. The Verge-iň habar bermegine görä, ol Microsoft-yň we GitHub-yň çäginden daşary täze taslamalar bilen meşgullanmak üçin wezipäni terk edýär.

Indi Microsoft baş direktor wezipesini ýatyryp we topary gönüden-göni özüniň CoreAI EA bölümçesiniň garamagyna geçirip, platformanyň dolandyryş gurluşyny üýtgeder.
Domke kompaniýanyň bökdençsiz geçişini üpjün etmek üçin 2025-nji ýylyň ahyryna çenli galýandygyny aýtdy.
GitHub 2018-nji ýylda Microsoft tarapyndan 7,5 mlrd dollara satyn alyndy we häzir çenli garaşsyz kompaniýa hökmünde işledi. Domkeniň gitmegi platformanyň Microsoft ekoulgamynda täze tapgyryny alamatlandyrýar. Indi GitHub-yň ýolbaşçylygy Meta-nyň öňki top-menejeri Jeý Parikhiň baştutanlygyndaky CoreAI kompaniýasynyň öňünde hasabat berer.
CoreAI içerki we müşderi taslamalary üçin emeli aňa esaslanýan platformalary we gurallary birleşdirýän Microsoft-yň inženerlik bölümçesidir. Parikh ony geljekki “EA agentleriniň fabrikasy” diýip atlandyrdy. Geçen hepde GitHub Copilot-yň we beýleki EA taslamalarynyň ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşan Domke öz startapyny döredip, bu ugurda Microsoft-yň täze bäsdeşi bolup biler.


03.03.2026 13:28
612

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

31.01.2026 12:04
2.6k+

Microsoft bir günde bazar bahasyndan 440 milliard dollar ýitirdi

Microsoft kompaniýasynyň kapitalizasiýasy bir söwda gününiň dowamynda 440 milliard dollar pese düşdi. Bu ýagdaý kompaniýanyň taryhynda şeýle uly möçberdäki ikinji pese düşme boldy.   2026-njy maliýe ýylynyň ikinji çärýegi baradaky hasabat çap edilenden soň, aksiýalaryň bahasy 5,37% peseldi...

31.01.2026 09:16
945

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

26.01.2026 21:51
1.6k+

Microsoft Teams iş berijilere işgärleriniň nirededigini görkezer

Amerikanyň Microsoft korporasiýasy Microsoft 365 platformasyna täze funksiýany goşmagy meýilleşdirýär. Ol iş berijilere iş wagtynda işgärleriniň nirededigini Teams arkaly yzarlamaga mümkinçilik berer. Şahsy durmuşa gatyşmak bilen bagly jedeller sebäpli, bu täzeligiň girizilmegi ýanwar aýyndan mart aýyna süýşürildi...