Türkmen talyplarynyň taslamasy Indoneziýada dünýä olimpiadasynda 1-nji orna mynasyp boldy

  • 11.08.2025 17:22
  • 6.7k+

Ýa­kyn­da In­do­ne­zi­ýanyň Ýaş alym­lar as­so­sia­si­ýa­sy­nyň (IYSA) gu­ra­ma­gyn­da geçirilen Ro­bo­to­teh­ni­ka we in­for­ma­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä olim­pia­da­synda Türkmenistandan gatnaşan topar "Kompýuter" ugry boýunça 1-nji orna mynasyp boldy. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Bäs­le­şik In­do­ne­zi­ýanyň Ban­dung şä­he­rin­dä­ki Komp­ýu­ter uni­wer­si­te­tin­de «Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak», «Ro­bo­to­teh­ni­ka», «Oýun­lar», «Fi­zi­ka we in­že­ner­çi­lik» hem-de «Komp­ýu­ter» ugur­la­ry bo­ýun­ça ge­çi­ril­di. Oňa ýur­du­myz bi­len bi­le­lik­de je­mi 12 döw­le­tiň, has ta­ky­gy, Eý­ra­nyň, Ma­laý­zi­ýa­nyň, Tai­lan­dyň, Tür­ki­ýä­niň, Mek­si­ka­nyň, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň, Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň, Ru­my­ni­ýa­nyň, Bang­la­de­şiň, In­do­ne­zi­ýa­nyň we Wýet­na­myň ýo­kary okuw mek­dep­le­rin­den 30-dan gow­rak to­par gat­naş­dy.
Bu olim­pia­da­nyň «Komp­ýu­ter» ug­ry bo­ýun­ça bäs­le­şi­gi­ne ýur­du­myz­dan Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­lyp­la­ryn­dan dü­zü­len to­par gat­naş­dy. Uni­wer­si­te­tiň mu­gal­ly­my Mu­sa Ýa­zy­mo­wyň ýol­baş­çy­lyk et­me­gin­de hal­ka­ra hu­ku­gy we hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry fa­kul­te­ti­niň ta­lyp­la­ry Baý­gel­di Toý­ly­ýew, Baý­ram­mu­ham­met Re­je­pow we Ýu­nus Ba­ty­row öz­le­ri­niň «Eme­li aňy ula­nyp, aw­tou­lag­la­ry kä­ren­dä ber­mek» at­ly tas­la­ma­sy bi­len baý­rak­ly 1-nji or­na my­na­syp bol­du­lar.


08.06.2026 23:01
2.7k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
3.1k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......