Alymlar 70 ýyldan soň gadymy gaplardaky şepbeşik maddanyň baldygyny anyklady

  • 07.08.2025 11:58
  • 3.5k+

Arheologlar 1954-nji ýylda Italiýadaky Wezuwiniň günorta eňňitlerinde tapylan bürünç gaplaryň içindäki zat barada uzak dowam eden çekeleşiklere nokat goýdy. Tapyndy Pompeýden, takmynan, 70 km uzaklykda, Pestumda b.e.öň VI asyra degişli bolan grekleriň jaýlama ybadathanasynda ýüze çykaryldy.

Açyş edilenden bäri alymlara tapylan sekiz gabyň düýbündäki goýy we şepbeşik çökündiniň nämedigini anyklamak başartmandy. 1950-nji ýyllarda hünärmenler ilkinji seljermäni geçirip, bu tozgajyk we tötänleýin düşen mör-möjekler bilen hapalanan haýwan ýa-da ösümlik ýagy bolup biler diýip hasaplady. Ýöne olaryň çykaran netijesi tankyda sezewar edildi. Beýlekiler onuň mum bolup biljekdigini öňe sürdi.
Oksford uniwersitetinden Lusiana Karwalýunyň ýolbaşçylygyndaky häzirki ylmy gözlegçileriň topary has takyk usullary ulanyp, gaplarda aslynda ary balynyň saklanandygyny subut etdi.
Ilkibaşda infragyzyl şöhlelenme seljermesi ary mumy bilen meňzeşligi görkezdi. Soňra gaz hromotografiýasynyň we mass-spektrometriýanyň kömegi bilen balyň esasy şekerleri – glýukoza we fruktoza ýüze çykaryldy. Şeýle-de, çökündide diňe balarylar (Apis mellifera) tarapyndan öndürilýän süýdüň beloklary hem-de ary liçinkalaryna zyýan ýetirýän Tropilaelaps mercedesae mugthorynyň yzlary tapyldy.
Karwalýu irki gözlegçileriň ýalňyşynyň şekeriň howanyň we bakteriýalaryň täsirinde dargamagy bilen baglanyşyklydygyny düşündirdi. XX asyryň ortalarynyň derňew usullary şeýle çylşyrymly organiki birleşmeleri ýüze çykarmaga mümkinçilik bermändi.
Alymlaryň aýtmagyna görä, tapyndy balyň dini däp-dessurlarda ulanylandygyny görkezýär. Gadymy grekler üçin ol arassalygy, bakylygy hem-de diriler bilen ölüleriň arasyndaky baglanyşygy alamatlandyrypdyr. 


şu gün 08:10
562

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
2.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......