Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi ýaşlary talyplyga çagyrýar

  • 06.08.2025 18:25
  • 6.9k+

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi 2025-2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini habar berýär.

Okuwyň möhleti – 2,5 ýyl

  • Senagat we raýat jaý gurluşygy
  • Gurluşyk materiallaryny we demirbeton konstruksiýalaryny öndürmegiň tehnologiýasy
  • Amaly geodeziýa
  • Suw upjünçiligi we lagym suwlary akdyryş
  • Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi
  • Awtomobil ýollarynyň we aerodromlaryň gurluşygy hem-de ulanylyşy
  • Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş
  • Binagärlik
  • Buhgalterçilik hasaba alnyşy
  • Nebit we gaz känlerini işläp geçmek
  • Maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary
  • Gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy
  • Ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy
  • Guýulary barlamagyň geofiziki usullary

Okuwyň möhleti – 1,5 ýyl

  • Senagat we raýat jaý gurluşygynyň ussasy
  • Binagär-dizaýner
  • Geodeziýaçy
  • Awtomobil ýollarynyň we aerodromlaryň gurluşygynyň hem-de ulanylyşynyň ussasy
  • Nebit we gaz guýularyny barlamagyň geofiziki usullary
  • Nebit we gaz geologiýasy
  • Nebit we gaz çykaryjy operator
  • Nebit we gaz guýularyny burawlaýjy ussa
  • Buhgalterçilik işi
  • Menejment

Okuwyň möhleti – 1 ýyl

  • Umumy gurluşyk işleriniň ussasy
  • Elektromontýor
  • Tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça instruktor
  • Sanly maglumaty işläp taýýarlamak boýunça operator

Resmi iş kagyzlary Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 18-nji awgustyna çenli kabul edilýär.
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebini gurluşyk we tehniki ugurlary boýunça üstünlikli tamamlan uçurumlary Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de beýleki pudaklaýyn dolandyryş ulgamlaryň edara-kärhanalaryna işe hödürlenilýär we ýerleşdirilýär.
Ýurdumyzyň  welaýatlaryndan kabul edilen talyplar mekdebiň umumy ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje şaýoly, 10:
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 28-20-03, 28-07-74, 28-08-82.


01.06.2026 17:06
3k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......