Hytaýda öz-özi arassalanýan aýna döredildi

  • 06.08.2025 17:39
  • 10k+

Hytaýyň Çžeszýan uniwersitetiniň alymlary suw, himiýa ýa-da ep-esli energiýa çykdajysy bolmazdan öz-özüni arassalaýan aýnany döretdi. Ol bary-ýogy birnäçe sekuntda 98% tozany aýyrýar diýip, Interesting Engineering neşiri ýazýar.

Galyňlygy 0,62 mm bolan aýna inçejik elektrodlar gurnaldy. Haçan-da olara üýtgeýän tok geçirilende tozan bölejiklerini aýnanyň ýüzünden yzyna gaýtarýan elektrik meýdany döreýär. Käbir bölejikler elektrostatik güýjüň täsiri bilen “uçup gidýär” diýen ýaly. Usul organiki we organiki däl hapalara garşy netijeli boldy.
Bu aýna diňe bir arassalanman, eýsem gaýtadan hapalanmagyň öňüni alýar: howada bar bolan bölejikleriň 90%-i aýnanyň ýüzüne düşmänkä daşlaşdyrylýar. Bu tozan ýa-da howanyň hapalanmak derejesi ýokary bolan sebitlerde aýratyn möhümdir.
Täze tehnologiýany birnäçe ugurda ulanmak meýilleşdirilýär:

  • ·Gün panelleri – tozan sebäpli netijelilik 30% peselýär;
  • ·Diňleriň fasady – olary arassalamak millionlarça dollara düşýär;
  • ·Awtomobil aýnalary – ýagyş yzy bolmazdan arassalygyna galar;
  • ·Şitilhanalar we “akylly” fermalar – bu ýerde ýokary derejeli durulyk möhüm.

Tehnologiýa elektrodlar we gorag örtügi bilen üpjün etmek ýaly adaty senagat proseslerini ulanýar. Bu aýnany köpçülikleýin önümçilige goýbermäge mümkinçilik berer. Täjirçilik nusgalarynyň 2026-njy ýylda taýýar bolmagyna garaşylýar.
Hünärmenler tehnologiýanyň energetikada, gurluşykda we transportda aýna ýüzlerini arassalamak çemeleşmesini üýtgedip biljekdigine ynanýar.


şu gün 11:23
331

Nothing-iň ýolbaşçysy smartfonlaryň gitdigiçe gymmatlajakdygyny aýtdy

Nothing tehnologiýa kompaniýasynyň baş direktory Karl Peý X sosial ulgamynda häzirki zaman smartfonlarynyň bahasynyň yzygiderli ýokarlanjakdygy hakda ýazgy paýlaşdy. Ol beýle ýagdaýyň esasy sebäbini ýat......

düýn 12:35
1.8k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

düýn 08:32
2.8k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

12.06.2026 23:56
2.1k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......