Şwesiýanyň agaç kesiji dron enjamy agaçlary çapyp, daşap bilýär

  • 02.06.2026 17:40
  • 6.4k+

Şwesiýanyň AirForestry kompaniýasy agyr ýerüsti enjamlary ulanmazdan, agaçlary kesmäge we daşamaga ukyply, awtonom agaç kesiji drony işläp düzdi.

Enjam elektrik motory bilen işleýär.

Dron agaçlaryň çür depesinden uçup, agajy ýokarsyndan tutýar, aşak düşüp barýarka şahalaryny kesýär, soňra göwdesini düýbünden kesip, ony golaýdaky ýola çykarýar.

Kompaniýa adaty tokaý kesiji enjamlaryň agramynyň 20 tonnadan gowrakdygyny we tokaýyň düşegine zyýan ýetirýändigini belleýär. AirForestry dronlary ulanmagyň topraga we agaçlaryň kök ulgamyna ýetýän zeperi azaldar diýip hasaplaýar.

Dronuň 6,2 metr uzynlykdaky korpusy uglerod süýmünden ýasalypdyr. Ol 200 kilograma çenli ýüki daşap bilýär we aýazda, ýagyşly we güýçli ýelli howada işlemek üçin niýetlenendir.

Şeýle hem, kompaniýa täze tehnologiýa alynýan agajyň möçberini takmynan 8% artdyryp biler diýip mälim edýär.

AirForestry häzirki wagtda Tronheýmiň golaýynda Norwegiýanyň Statskog tokaý hojalygy agentligi bilen bilelikde synag işlerini geçirýär.


20.06.2026 09:37
2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.2k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......