Türk Çaýönüsinde ýaşy 12 müň ýyldan gowrak bolan gadymy desgalar tapyldy

  • 02.08.2025 15:35
  • 7.8k+

Arheologlar Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýaşy 12 müň ýyldan gowrak bolan täze desgany tapdylar. Bu barada Arkeonews habar berdi.

Gazuw-agtaryş işleri Çanakkale şäherindäki 18-nji mart uniwersitetinden dosent Sawaş Sarialtunyň ýolbaşçylygynda Çaýönü depesinde alnyp barylýar. Bu ýylky arheologik möwsüm ozal öwrenilmedik meýdança gönükdirildi.
Bu iş ekspedisiýanyň agzalaryny eýýäm täze açyşlar bilen begendirdi - gözenek planlaşdyrma boýunça  gurlan dört sany gönüburçly bina, şeýle hem bürünç eýýamynyň terrakota suw turbasy tapyldy. Sarialtunyň sözlerine görä, bu tapyndylar Çaýönüniň goýnunda henizem açylmadyk taryhy gatlaklarynyň bardygyny tassyklaýar.
Alymlary, talyplary we ýerli işçileri öz içine alýan 60 adamdan ybarat topar obsidian gurallaryny, bezeg monjuklaryny, malahit nusgalaryny we mis önümleri hem tapdy. Bu möwsümde 14 sany mis artefakt tapyldy. Alymlaryň çaklamagyna görä, bu predmetler diňe bir tehniki başarnyklary görkezmän, eýsem şäherçede ýöriteleşdirilen önümçilik zolaklarynyň we iş bölünişiginiň bolandygyny hem görkezip biler.
Çaýönü sebiti 1960-njy ýyllardan bäri çarwa durmuşyndan ekerançylyga we oturymlylyga geçen ilkinji şäherçeleriň biri hökmünde tanalýar. Şäherçäniň gurluşy, däp-dessur we önümçilik zolaklary irki jemgyýetçilik guramasyny we tehnologik ösüşi görkezýär.
B.e. öňki 9100–9000-nji ýyllara degişli täze tapyndylar binalaryň ýaşaýyş jaý hökmünde ulanylmakdan başlap, önümçilik ýa-da administratiw zerurlyklara çenli dürli maksatlar üçin ulanylandygyna şaýatlyk edip biler. Gazuw-agtaryş işleri dowam etdiriler, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli barlaglaryň geçirilýän meýdany iki esse artdyrylar.


04.06.2026 18:07
7.1k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

10.05.2026 10:31
6.1k+

Horwatiýada bazaryň aşagyndan el degrilmedik rim gubury tapyldy

Horwatiýanyň Winkowsi şäherinde açyk bazaryň durkuny täzelemek işleri wagtynda arheologlar gadymy Sibalae şäherine degişli rim nekropolyny (gonamçylygyny) ýüze çykardy. Şol ýerde dolulygyna saklanyp galan we......