Bukingem köşgünde şa zenany Ýelizaweta II-niň lybaslarynyň sergisi açylar

  • 29.07.2025 14:13
  • 6.2k+

2026-njy ýylyň ýazynda Bukingem köşgünde monarhyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli “Şa zenany Ýelizaweta II: onuň owadan durmuşy” atly sergi açylar. Şa galereýasyndaky sergide şa zenanyň lybaslary we esbaplary, şol sanda 1947-nji ýylda geçen toýunda we 1953-nji ýylda täç geýdiriliş dabarasynda geýen meşhur egin-eşikleri görkezilýär.

Ýelizaweta II ýarym müň ýyl mundan ozal Ýelizaweta I ýaly eşikleri syrly dil, ýumşak güýjüň guraly hökmünde ulanyp, onuň üsti bilen diplomatik we medeni yşaratlary aňladypdyr diýip, The Art Newspaper habar berýär.
Şeýle "geýim diplomatiýasynyň" bir mysaly, modelýer Norman Hartnelliň 1961-nji ýylda Karaçi şäherinde şa zenanyň hormatyna guralan şüweleň üçin dizaýn eden ak köýnegidir. Köýnegiň arkasyndan aşaklygyna zümerret ýaşyl epin gaýtmak bilen, onda Pakistanyň baýdagynyň reňkleri ulanylýardy.
Ýelizaweta II-niň öz toýunda we täç geýdiriliş dabarasynda geýen köýnekleri hem Hartnell tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Täç geýdiriliş dabarasyna geýjek lybasyny dizaýn etmeklige şa zenanyň özi hem gatnaşypdyr. Ilkibaşda onda keşdä salnan milli nyşanlar: Angliýa üçin Týudorlar bägüli, Şotlandiýa üçin garamandalak, Demirgazyk Irlandiýa üçin ýorunja we Uels üçin poreý sogany bolmalydy. Şa zenan Günorta Afrikanyň proteýasy we Awstraliýanyň akasiýa ýaly Britan arkalaşygynyň agza döwletleriniň nyşanlaryny goşmagy talap edipdir.
Sergide 200 töweregi eksponaty görkezmek meýilleşdirýär: dürli ýyllaryň lybaslary bilen birlikde, eskizler we şa zenany bilen lybas suratkeşiniň alşan hatlary görkeziler.



19.06.2026 19:18
3.9k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.4k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......