Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwada GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 106-njy mejlisine gatnaşdy

  • 20.07.2025 14:46
  • 7.7k+

18-nji iýulda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 106-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi E.Aýdogdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Mejlisiň barşynda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy, şeýle hem sebitleýin energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanmak, gurluşyk işinde nyrh emele getirmek, tokaý hojalygy hem-de tokaý senagaty we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyga degişli birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Şol bir wagtyň özünde mejlise gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň dowamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň ykdysady ösüş strategiýasynyň birinji tapgyryny (2021–2025) amala aşyrmak boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň indiki mejlisi 2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçiriler.


şu gün 13:44
402

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....