Netflix filmlerinde we seriallarynda käbir sahnalary emeli aň arkaly döredýär

  • 20.07.2025 13:42
  • 2.2k+

Netflix filmleriň we seriallaryň önümçiliginde generatiw emeli aňdan peýdalanyp başlady. Munuň ilkinji mysaly Argentinanyň “Eternawt” (El Eternauta) ylmy-fantastiki serialy boldy. Onuň ahyrky kadrlary doly derejede neýroulgam tarapyndan döredildi.

Kompaniýanyň egindeş ýerine ýetiriji müdiri Ted Sarandos täze tehnologiýanyň wizual effektleri döretmek prosesini ep-esli çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, EA-nyň kömegi bilen ahyryndaky binanyň ýumrulýan sahnasy adaty VFX gurallary ulananyňdan 10 esse çalt taýýarlandy. Üstesine-de, ol birnäçe esse arzan düşdi.

“Bu kämil gurallar bilen işleýän hakyky adamlar” – diýmek bilen, ol EA-nyň döredijilere kontenti diňe bir tygşytly däl, eýsem has gowy etmäge kömek etýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de, tehnologiýa kompaniýanyň beýleki iş ugurlarynda hem ornaşdyrylýar. Baş direktor Greg Piters EA-nyň eýýäm teklipleri şahsylaşdyrmak, kontent gözlemek we mahabaty dolandyrmak üçin ulanylýandygyny belledi. 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Netflix EA-nyň esasynda interaktiw mahabaty işe girizmegi meýilleşdirýär.
2025-nji ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça, Netflix-iň girdejisi 11,08 mlrd dollar boldy. Bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16% köpdür. Arassa girdeji 3,13 mlrd dollar boldy. Birinji ýarymýyllykda tomaşaçylar kontent üçin 95 mlrd sagat sarp etdi, olardan üçden biri iňlis dilli däl taslamalaryň paýyna düşdi.


düýn 22:06
435

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......