Mitsubishi Heavy Industries "Garabogazkarbamid" zawodyna serwis hyzmaty boýunça şertnama gol çekişdi

  • 19.07.2025 14:07
  • 7.9k+

Mitsubishi Heavy Industries, Ltd. kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan Mitsubishi Heavy Industries Asia Pacific Pte. Ltd. (MHI-AP) «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Türkmenistanyň iri dökün zawody bolan Garabogazkarbamid zawodyna serwis hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça üç ýyllyk  şertnama gol çekdi. Bu barada kompaniýa 17-nji iýulda resmi metbugat beýanatynda mälim etdi.

Şertnama laýyklykda, MHI-AP gaz turbinaly generatorlar, kompressorlar, nasoslar ýaly möhüm enjamlaryň ätiýaç şaýlaryny, şeýle hem MHI toparynyň kärhanalary tarapyndan öndürilen beýleki enjam böleklerini we sarp ediş serişdelerini üpjün eder. Hyzmatlar Mitsubishi Corporation bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilýär.

"Türkmenhimiýa" ýaly pudagyň öňdebaryjy gatnaşyjylary bilen hyzmatdaşlyk etmeklik müşderileriň üýtgeýän isleglerini kanagatlandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Biz müşderilerimiziň üznüksiz işini üpjün edýän ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge ymtylýarys» diýip, MHI-nyň Aziýa-Ýuwaş umany sebitindäki we Hindistandaky sebit direktory Takehiko Kikuçi aýtdy.

Bu şertnama MHI toparynyň taslamanyň ömrüniň ähli tapgyrlarynda — inženerçilikden başlap işletmäge çenli — müşderilere goldaw bermek strategiýasynyň bir bölegidir.
Garabogazkarbamid zawody Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýerleşýär we Merkezi Aziýada karbamid öndürýän iň iri kärhana bolup, onuň ýyllyk kuwwaty 1,155 million tonnadan gowrakdyr. Zawodyň gurluşygy Mitsubishi Corporation we Gap İnşaat türk kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......