Turşudan süýjä: Hytaýda kömürturşy gazyny şekere öwürmegi öwrendiler

  • 17.07.2025 14:28
  • 3.2k+

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Týanszin senagat biotehnologiýa institutynyň alymlary kömürturşy gazyny çylşyrymly uglewodlara netijeli öwürmegiň usulyny işläp taýýarladylar. CO₂-ni üýtgetmegiň netijesinde olara fruktoza, glýukoza, amiloza, amilopektin we azyk hem himiki senagatda ulanmak üçin ýaramly bolan beýleki birleşmeleri almak başardýar. Bu barada South China Morning Post habar berýär.

Bu işläp taýýarlama bir wagtyň özünde iki uly meseläni – bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözýär. Ylmy gözlegçileriň maglumatlaryna görä, ilkibaşda CO₂-ni metanola öwürýärler. Munuň üçin katalizatorlar we fermentler ulanylýar. Soňra metanoldan çylşyrymly uglewodlar alynýar. Prosesiň netijeliligi 86%-e ýetýär, gysga reaksiýa zynjyrlary bolsa energiýa çykdajylaryny azaldýar.
Häzire çenli kömürturşy gazyny öwürmek tehnologiýalarynyň köpüsi diňe ýönekeý molekulalary almaga mümkinçilik berýärdi. Kömürturşy gazyny uzyn zynjyrdan (12-den köp uglerod atomy) ybarat uglewodlara we uglewodorodlara öwürmek üçin bolsa laýyk çözgütler ýokdy.
Şeker çiňrigini we gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna garamazdan, Hytaý her ýyl 5 mln tonna töweregi şekeri import edýär. Şol bir wagtyň özünde ekin meýdanlaryny köpeltmek daşky gurşaw üçin töwekgelçilikler bilen baglanyşykly. Şu nukdaýnazardan şekeri CO₂-den sintez etmek tehnologiýasy aýratyn ähmiýete eýedir.
Usul barlaghana şertlerinde üstünlikli synaldy. Alymlar ony täjirçilik ulanylyş derejesine çykarmak isleýär.


şu gün 08:10
2.7k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3.2k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.1k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......