Türkmen talyplary Rumyniýada Kluj-Napoka Tehniki uniwersitetinde tejribelik geçýärler

  • 16.07.2025 13:49
  • 7.6k+

1-nji iýulyndan 21-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 14 talyby we 2 mugallymy Rumyniýada Kluj-Napoka Tehniki uniwersitetinde tomusky tejribelik maksatnamasyna gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Maksatnama Kluj-Napoka Tehniki uniwersiteti (TUCN) bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň arasyndaky ylmy-akademiki hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygynyň hem-de Erasmus+ maksatnamasynyň esasynda geçirilýär.
Amaly sapaklar we ylmy-bilim çäreleri uniwersitetiň ýöriteleşdirilen fakultetleriniň laboratoriýalarynda guramaçylykly geçirilýär.
Gatnaşyjylaryň hünär ugry bilen baglanyşykly Kluj-Napoka şäherindäki we töweregindäki öňdebaryjy kärhanalara okuw saparlarynyň guralmagy tejribeligiň esasy bölegini düzýär. Agzalanlar türkmen talyplaryna we mugallymlaryna gymmatly amaly tejribe gazanmaga, häzirki zaman tehnologiýalary we iş usullary bilen tanyşmaga hem-de hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berýär.
Şuňa meňzeş maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi halkara akademiki alyş-çalyşygy ösdürmäge möhüm goşant bolup, Türkmenistanyň we Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkidýär hem-de telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ugury boýunça hünärmen taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrýar.


08.06.2026 23:01
2.5k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

01.06.2026 17:06
3k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......