NASA Parker enjamynyň Güne iň golaý aralykdan alan wideosyny çykardy

  • 15.07.2025 14:21
  • 8.8k+

NASA Parker Solar Probe enjamynyň 2024-nji ýylyň dekabrynda Güne ýakynlaşanda alan ilkinji suratlaryny paýlaşdy. Enjam ýyldyzyň üstünden 6,17 million km uzaklykdan sagatda 687 müň km tizlik bilen uçup geçdi.

Görünýän we ýakyn infragyzyl diapazonlarda işleýän, giň burçly WISPR kamerasy tarapyndan düşürilen wideoda Gün ýeliniň akymlary, şeýle hem massanyň koronal zyňylmalary we olaryň bölejikleriň traýektoriýasyny üýtgedýän çaknyşmalary görkezilýär. Bu maglumatlar barlagçylara Gün atmosferasyndaky proseslere düşünmäge we kosmosyň howa maglumatyny gowulandyrmaga kömek edýär.
Zond Gün ýelini we ýyldyz atmosferasyny öwrenmek üçin 2018-nji ýylyň awgust aýynda uçurylypdy. 2024-nji ýylyň dekabrynda apparat täze orbitasynyň perigeýasyna ýetdi. 27-nji dekabrda ol ulgamlarynyň kadaly işleýändigini tassyklaýan gysga signaly iberdi we 2025-nji ýylyň Täze ýyl güni bolsa, Merilenddäki Jons Hopkins uniwersitetiniň amaly fizika barlaghanasynda ( APL ) missiýanyň operatorlary telemetriýa maglumatlaryny alyp başladylar. Olar zonduň meýilnama boýunça golaýlaşmany amala aşyrandygyny we ylmy gurallarynyň kadaly işleýändigini bilip, rahatlandylar.
Parker missiýasy ýedi ýyla golaý dowam eder. Umuman alanyňda, apparat Weneranyň dartyş güýjüniň kömegi bilen aralygy kem-kemden ýygjamladyp, Güne 24 gezek golaýlaşmaly.
Astrofizik Nur Rawafiniň sözlerine görä, barlag alymlary Gün ýeliniň tebigatyna düşünmäge has ýakynlaşdyrdy.

"Iki sany esasy sorag bardy: Gün ýeli nädip ýüze çykýar we Günüň dartyş güýjüni nädip ýeňip geçýär? Bu bölejikleriň üznüksiz akymynyň tebigatyna, esasanam haýal Gün ýeline düşünmek, bu akymlaryň dürlüligini göz öňünde tutmak kyn mesele, ýöne Parker barlagynyň netijesinde olaryň gelip çykyşynyň we ösüşiniň syrlaryny açmaga has ýakynlaşdyk" diýip, alym aýtdy.

Zonduň Güne indiki golaýlaşmasynyň 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda bolmagyna garaşylýar.


düýn 10:51
805

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.3k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....