Adamyň derejesinde tagam duýup bilýän emeli dil döredildi

  • 15.07.2025 12:19
  • 3.9k+

Alymlar grafen oksidine we maşyn öwreniş algoritmlerine esaslanýan tagam duýuş datçiginiň täze neslini hödürlediler. Enjam adam duýgusyna ýakyn takyklyk bilen tagam duýmaga ukyply we agyzdaky şertleri gaýtalap, çygly gurşawda işläp bilýär diýip, Phys.org ýazýar.

Işläp düzüjiler geljekde bu tehnologiýany insultdan, ýokançlyklardan ýa-da neýrodegeneratiw kesellerden soň näsaglarda tagam biliş duýgularyny dikeltmek üçin ulanyp boljakdygyny öňe sürýärler. Şeýle-de bolsa, häzirlikçe bu diňe bir taslama - ony hakyky durmuşda ulanmaklyk mundan beýläk miniatýurlaşdyrylmagyny we optimizirlenmegini talap eder.
Işläp taýýarlama grafen oksidine - ýokary himiki reaktiwlige we sazlap boljak elektrik aýratynlyklaryna eýe materiala esaslanýar. Ol nanofluid ulgamyna birleşdirilip, geçirijilik üýtgemelerini suwuk maddalar bilen gatnaşykda ýazga almaga mümkinçilik berdi.
Sensor dürli tagam profilleri bolan 160 birleşmede synag edildi. Alnan maglumatlar öwrediş algoritminiň kömegi bilen enjamyň "tagam ýadyny" döretmek üçin ulanyldy.
Ozal adamyň 5 esasy tagamy: süýjini, duzlyny, turşyny, ajyny we umamini tapawutlandyryp bilýändigi aýdylýardy. Şeýle-de bolsa, 2023-nji ýylda altynjy tagam - ammoniý hloridi hem goşuldy. Täze sensor takmynan 98,5% takyklygy bilen ykrar edilen alty tagamyň birinji dördüsini üstünlikli klassifikasiýa etdi. Şeýle hem ol öwrediş döwründe ulanylmadyk 40 sany täze maddanyň tagamyny 75%-den 90%-e çenli takyklamak bilen, şol sanda kofe we kola ýaly çylşyrymly kompozisiýalary tapawutlandyrmagy başardy.
Esasy üstünlikleriň biri duýuş we hasaplaýyş funksiýalarynyň bir enjamda utgaşdyrylmagy boldy. Bu öňki uly gurluşlardan tapawutlylykda, daşarky ulgamlara maglumat geçirmezden, maglumatlary duran ýerinde gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.


03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

29.05.2026 00:09
3k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....