Arheologlar Portugaliýanyň kenarýakasynyň iki ýerinde neandertallaryň aýak yzlaryny tapdy. Olaryň ýaşy, takmynan, 78-82 müň ýyla barabar diýip, Scientific Reports žurnalyndaky makala salgylanyp, “N+1” neşiri habar berýär.
Praýýa-du-Teleýru kenarynda uzynlygy 22,6 sm bolan daban yzy tapyldy. Ol ýetginjege ýa-da boýy gysga aýala degişli diýlip çak edilýär. Arheologlar ikinji ýerde, Monte-Klerigo kenarynda dürli ýaşdaky adamlar tarapyndan galdyrylan 26 yzy, şol sanda bäş sany yz hataryny we birnäçe aýry-aýry yzlary tapdy.
Monte-Klerigodaky yzlaryň arasynda boýy 169-173 sm bolan uly ýaşly erkek adamlara degişli üç hatar tapawutlanýar. Şeýle-de, boýy 113 sm töweregi bolan çaga bilen bagly yz we boýy 72 sm töweregi bolan çaganyň yzlarynyň hatary tapyldy. Alymlar tapyndydan uzak bolmadyk ýerde neandertallaryň lageriniň bolup bilendigini çaklaýar.