HNGU-da himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat geçiriler

  • 14.10.2024 00:20
  • 3.6k+

13-nji noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Himiýa we gaz himiýasy pudagynda innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Häzirki wagtda maslahata gatnaşyjylar hasaba alynýar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Maslahat türkmen, rus we iňlis dillerinde onlaýn görnüşde geçirilip, oňa ýokary okuw mekdepleriniň hersinden 1 professor we 1 talyp, şeýle hem gatnaşyjy guramanyň her birinden 1 wekili gatnaşyp biler.
Halkara foruma professorlar, aspirantlar, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem bilermenler, ylym edaralarynyň, senagat kärhanalarynyň, Türkmenistanyň pudaklaýyn kompaniýalarynyň we daşary ýurtlaryň hünärmenleri çagyrylýar.
Ylmy hasabatlaryň materiallaryny HNweGU-niň saýtynda ýerleşdirilen düzgünlere laýyklykda tezisleriň elektron ýygyndysy görnüşinde neşir edilmegi meýilleşdirilýär.
Maslahata gatnaşmak isleýänler 20-nji oktýabra çenli ýokarda agzalan uniwersitetiň saýtynda çykyş etjekleri hasaba alyş resminamany doldurmaly we tezisler bilen birlikde guramaçylyk komitetine hngu.ylmymaslahat@gmail.com elektron poçta ibermeli.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+993 12 39 13 03;
+993 12 39 13 36;
+993 12 39 14 47;
+993 65 87 80 16;
+993 65 88 54 45;
+993 65 67 51 31.


20.06.2026 11:54
4.8k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.5k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......