Russiýada nebitgaz çykarmagyň netijeliligini artdyrmagyň tehnologiýasy üstünlikli synag edildi

  • 31.07.2024 15:20
  • 1.4k+

Russiýanyň Saratow oblastynyň inženerleri nebit we gaz önümçiliginiň işjeňligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýany işläp düzdüler. Bu barada TASS agentligi sebitiň Senagat we Energetika ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Merkeziň müdiri Oleg Woiniň ýolbaşçylygynda “Frakjet-Wolga” inženerçilik we tehniki merkezinde döredilen tehnologia Astrahan we Orenburg gaz kondensat ýataklarynda üstünlikli synagdan geçirildi.
Bu tehnologiýa Orenburg ýatagyndaky sekiz guýynyň nebit öndürijiligini 1,7-den 3,97 esse ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.
Tehnologiýa guýuda goşmaça ýollary döredýän we ozal ulanylmadyk ýataklary önümçilige getirýän kislota akymly burawlama esaslanýar.
“Frakjet-Wolga” Russiýanyň nebit-gaz pudagynyň liderlerine ýokary tehnologiýaly we ylmy-tehniki hyzmatlary berýän nebit hyzmat toparydyr. Kompaniýa guýulary gurmak we abatlamak pudagynda öňdebaryjy tehnologiýalary döretmekde we ösdürmekde ýöriteleşendir.


20.06.2026 11:54
4.8k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.5k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......