Implant ysmaz syçanlaryň hereketini dikeltmäge kömek etdi

  • 09.07.2025 13:57
  • 3.2k+

Barlagçylar adamlarda we haýwanlarda oňurga ýiliginiň şikeslerini bejermegiň täsirli usulyny döretmäge bir ädim ýakynlaşdylar. Oklend uniwersitetiniň (Täze Zelandiýa) alymlary ysmaz alakalarda hereket funksiýalaryny dikeldýän minimal inwaziw tehnologiýany işläp düzdüler.

Tehnologiýa oňurga ýiliginiň şikes ýeten ýerine ultra inçe biologik taýdan utgaşýan implantatyň ornaşdyrylmagyna esaslanýar. Ol 2 Hz ýygylykda gowşak elektrik impulslaryny bermek bilen, nerw süýümleriniň ösmegine we täze baglanyşyklaryň döremegine itergi berýär. Ozal bu ýygylygyň laboratoriýa şertlerinde aksonyň täzelenmegine täsirini ýetirýändigi görkezilipdi.
Synaga syçanlaryň oňurga ýiligine ortaça şikes ýeten iki topary gatnaşdy. Birinji topar günde 7–11 günüň dowamynda, soňra bolsa hepdede bäş gezek 12 hepdäniň dowamynda elektrik gyjyndyrmasyna sezewar edildi. Barlag toparyndakylar bejergi almady.


4 hepdeden soň synag toparyndaky syçanlar hereketinde ep-esli gowulaşmany görkezdi: hereketleriniň sazlaşygy dikeldi, yzky penjeleriniň ýagdaýy gowulaşdy, barmaklarynyň arasy birneme gysyldy. Şeýle hem, olaryň el degrilendäki  duýgurlygy artdy.
Awtorlar, öňki usullardan tapawutlylykda, täze tehnologiýanyň oňurga ýiligine sanjym edilmegini talap etmeýändigini we zeper ýetirmeýändigini bellediler. Şeýle-de bolsa, ony adamlarda ulanmak üçin goşmaça barlaglaryň geçirilmegi zerurdyr, sebäbi öz-özünden dikelmek alakalarda, adamlara garanyňda, has aňsat geçýär.
Usuly kämilleşdyrmek boýunça işler dowam edýär.


20.02.2026 18:09
2.3k+

Baktériýadan hem kiçi QR-kod döredildi: göze görünmeýän rekord

Alymlar dünýäde iň kiçi QR-koduny döretdiler. Ol eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.  Koduň ölçegi öňki hasaba alnan rekordyň üçden bir bölegi ýaly, şonuň üçin ony adaty göz bilen görjek gümanyň ýok. «Biziň döreden gurluşymyz şeýle bir inçe welin, ony optiki mikroskoplaryň kömegi bilenem görüp bolmaýar» diýip, professor Pol Maýrhofer düşündirdi...

17.02.2026 09:29
4.2k+

Beýik Britaniýada elektrik toguny simsiz geçirmek synag edilýär

Beýik Britaniýada elektriki energiýasyny hiç hili simsiz geçirmek boýunça täze taslama badalga berildi. Wireless Power Transmission diýlip atlandyrylýan bu taslama, adaty elektrik ulgamlaryny we kabelleri simsiz ulgamlar bilen çalşyp boljakdygyny ýa-da olary bar bolan infrastruktura bilen bilelikde ulanyp boljakdygyny öwrenýär...

14.02.2026 17:27
3.4k+

NASA üçünji «ganatly» uçary synagdan geçirdi: ol ýangyç sarp edilişini peseldýär

NASA aerodinamiki garşylygy gowşatmak we ýangyjy az sarp etmek maksady bilen ýasalan CATNLF ganatynyň uly göwrümli modeliniň ilkinji uçuş synagyny geçirdi. Synag 29-njy ýanwarda Kaliforniýadaky NASA-nyň Armstrong adyndaky barlag merkezinde amala aşyrylsa-da, bu barada resmi taýdan diňe häzir habar berildi...

13.02.2026 10:25
1.3k+

Hytaý kosmosda ilkinji gezek «beýni—kompýuter» interfeýsini synagdan geçirdi

Hytaý alymlary dünýäde ilkinji gezek orbitada simsiz oturdylýan «beýni-kompýuter» interfeýsiniň (BCI) işini synagdan geçirendiklerini habar berdiler. Bu synagyň maksady — şeýle tehnologiýanyň kosmos şertlerinde işlemek ukybynyň näderejededigini anyklamakdan ybarat...