Mähri Bäşimowa BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda ýokary derejedäki duşuşykda çykyş etdi

  • 09.07.2025 10:09
  • 11k+

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Habar berlişi ýaly, M.Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýän bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetlilik ýörelgelerine ygrarlylygyny tassyklady. Türkmenistanyň sebitdäki parahatçylyk zolaklaryny, hususan-da, Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek we berkitmek meselesindäki üýtgewsiz garaýşyny nygtady.
Türkmen tarapy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Merkezi Aziýa—parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly kararnamasynyň kabul edilmeginiň sebit derejesinde parahatçylyk, dialog we ynanyşmak ýörelgelerini ykrar etmekde möhüm ädimdigini aýtdy.
Parahatçylyk zolaklarynyň durnuklylygyň gurallary bolmak bilen, diplomatiýa üçin özboluşly meýdançalar we parahatçylyk prosesleri üçin sebit jogapkärçiliginiň beýany bolup hyzmat edýändigi aýratyn bellenildi.
Gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, duşuşyk sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek üçin pikir alyşmak we bilelikdäki çemeleşmeleri ilerletmek üçin möhüm maýdança öwrüldi.

Şol gün Mähri Bäşimowa BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde bu Maslahatyň ýokary ähmiýeti nygtaldy.


şu gün 18:04
2.2k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......