Türkmenistanyň ilçisi Serbiýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

  • 09.07.2025 10:03
  • 4.2k+

7-nji iýulda Türkmenistanyň Serbiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýew Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabara Belgrad şäherinde Prezidentiň köşgünde geçirildi. Ilçi diplomatik işini Moskwa şäherinde oturan ýerinden alyp barar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, dabaranyň dowamynda ilçi Serbiýanyň Baştutanyna we ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.
A.Wuçiç hem öz gezeginde iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek, ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
A.Wuçiç türkmen diplomatyny ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlap, Türkmenistan bilen Serbiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň iki ýurduň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....