ÝB-de smartfonlar indi batareýalaryň ömrüni görkezýän bellik bilen belgilenýär

  • 08.07.2025 17:40
  • 3.7k+

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektron gurluşlaryň sarp ediji aýratynlyklaryny, şol sanda akkumulýatoryň çydamlylygyny bellik arkaly görkezmegi göz öňünde tutýan täze düzgünler hereket edip başlady. Akkumulýatoryň ömrüni kesgitlemek üçin zarýad sikliniň – batareýanyň doly zarýadsyzlanmagynyň we ýene zarýad almagynyň sany ölçenýär. Sikl köp boldugyça, akkumulýator uzak hyzmat edýär.

Hödürlenen maglumatlara görä, Samsung smartfonlary 2000 zarýad sikline çydamly. Bu Google we Apple gurluşlarynyň görkezijilerinden iki esse ýokarydyr.
Ähli Google Pixel modelleri, şeýle-de iPhone 16 Pro Max-dan başlap, M3 çipli iPad Air-e çenli Apple-iň önümleri üçin 1000 zarýad sikli berilýär. Fairphone 5 1300 sikle, altynjy nesil Fairphone bolsa 1000 sikle niýetlenýär. Şeýle ömür Motorola modelleriniň aglabasy we OnePlus 13 üçin hem berilýär. One Plus 13R üçin 1200 sikl görkezilýär.
Nothing brendiniň smartfonlary, şol sanda CMF Phone 2 Pro, Sony Xperia 1 VII 1400 zarýad sikline niýetlenendir. Samsung-yň arzan Galaxy A26 we A16 smartfonlary 1200 zarýad sikline çydaýar. Samsung-yň galan smartfonlary, ÝB-niň maglumatlaryna görä, 2000 sikle eýedir.
Ýewrokomissiýanyň saýtynda bu görkezijileriň nähili alnandygy aýdyňlaşdyrylmaýar. Şeýle-de, akkumulýatoryň ömrüne himiki düzümleriň, mysal üçin, OnePlus 13-de kremniý-uglerod batareýalarynyň ulanylmagynyň nähili täsir edýändigi düşündirilmeýär.


düýn 14:00
2.1k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

07.06.2026 10:04
7.7k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.8k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......