Täjigistanda eýesiniň ady ýazylan I-III asyrlaryň küýzesi tapyldy

  • 07.07.2025 13:35
  • 7k+

Arheologlar Täjigistanda Kuşan imperiýasy döwründe ýaşan bir aýalyň adyny saklaýan baktriýa dilindäki ýazgy bilen keramiki gaby tapdy. Tapyndy Sarband obasynyň golaýyndaky gadymy Halkajar şäherçesinde ýüze çykaryldy diýip, The Times of Central Asia-a salgylanyp, Archaeology Magazine habar berýär.

Biziň eýýamymyzyň I-III asyryna degişli hasap edilýän gap iki saply küýzedir. Ylmy gözlegçiler tarapyndan edilen terjimä görä, onda “Bu suw küýzesi aýal Sagkina degişli” diýlip ýazylan.
Täjigistanyň Milli muzeýiniň arheologlarynyň maglumatlaryna görä, “Sagkina” ady sebitdäki at dakmak däplerini öwrenmek üçin gyzyklanma döredip, Kuşan eýýamynyň zenan atlary baradaky maglumatlaryň üstüni ýetirýär.
Alymlar şeýle tapyndylaryň Kuşan imperiýasynyň ilatynyň arasynda sowatlylygyň ýaýrandygyny hem-de şahsy predmetlere bellik goýmak tejribesini görkezýändigini belledi.
Kuşan imperiýasy häzirki Owganystanyň, Pakistanyň, Hindistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň çäklerini eýeläpdir we gadymy döwrüň iň uly hem iň täsirli döwletleriniň biri hasaplanypdyr.


23.06.2026 20:58
10k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....

19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....